Tamamlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylykly ösüşe, özara düşünişmäge we ynanyşmaga ygrarlylygynyň aýdyň beýany boldy. Geçen ýylyň dowamynda halkara gatnaşyklarynda ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek, döwletleriň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde geçirilen hemme çäreler Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň 21-nji martynda biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamanyň esasynda guraldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda BMG-niň çäklerinde döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzüminiň yzygiderli giňemegi häzirki wagtda Bitaraplyk syýasatynyň we oňa esaslanýan köptaraplaýyn meýdançalaryň wajyp ähmiýetini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda topara Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Eswatini Patyşalygynyň goşulyşmagy Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 64-nji plenar mejlisinde iki möhüm Kararnama – «Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 – 2035-nji ýyllar üçin)» we «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar kabul edildi. Bu resminamalar ählumumy we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, BMG-niň çäklerinde ulag, energetika gün tertibini ilerledýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň ornuny we abraýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşar.
2025-nji ýylda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem-de özara saparlar işjeň dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-si amala aşyryldy, Gahryman Arkadagymyz hem 9 ýurtda saparda boldy, şol bir wagtda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana saparlarynyň 31-si guraldy. Munuň özi ýurdumyz tarapyndan işjeň daşary syýasatyň alnyp barylýandygyna, dünýäniň dürli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleriniň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde syýasy-diplomatik dialogy ösdürmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary parahatçylykly ýol bilen çözmäge gönükdirilen başlangyçlar öňe sürüldi. Dürli ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli maslahatlar, forumlar we duşuşyklar ynanyşmagyň halkara howpsuzlygynyň esasy şerti bolup durýandygyny tassyklady.
Şu ýyl parahatçylyk medeniýetini ösdürmekde ynsanperwer, bilim we medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Ylym-bilim, medeniýet, ýaşlar we sport ugurlary boýunça guralan çäreler halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, jemgyýetlerde özara hormat goýmak we dialog medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşdy.
Halkara guramalar, döwlet edaralary we jemgyýetçilik institutlary parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmäge işjeň gatnaşdylar. Bu hyzmatdaşlyk durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagyna itergi berdi.
Möhüm netijeler bilen tamamlanan ýyl parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolmalydygyny aýdyň görkezdi. Gazanylan tejribe we netijeler geljekde hem parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.
Netijede, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä halklaryny umumy maksatlaryň daşynda birleşdirip, parahat, durnukly we abadan geljegi gurmaga gönükdirilen tagallalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny tassyklady. Bu gymmatly miras geljek nesiller üçin hem nusga bolup galar.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
PDF









