11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Dip­lo­mat wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, mil­li Li­de­ri­mi­ze Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýän Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Bo­ris Jon­so­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di.
Il­çi tu­tuş dün­ýä­de oňyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty bi­len meş­hur bo­lan ýur­du­myz­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­na we­kil­çi­lik et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy. Şol sy­ýa­sat bol­sa he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne hem-de giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len oňyn baş­lan­gyç­la­ra esas­lan­ýar. Dip­lo­mat döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni we ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin ägirt uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mä­hir­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, şeý­le-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Şa ze­na­ny­na hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­ne sa­la­my­ny be­ýan edip, Türk­me­nis­ta­nyň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ral­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dip­lo­ma­ty jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­le­nil­me­gi, iki ýurduň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len gut­lap, ha­nym Lýu­sia Uaýl­da däp bo­lan türk­men-bri­tan hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di hem-de ony gi­ňelt­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni we gat­na­şyk­la­ryň iki döw­le­ti ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
«Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin äh­li şert­le­riň, şol san­da amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­nyň dö­re­di­len­di­gi nyg­tal­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bir­nä­çe ugur­lar­da, şol san­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we eko­lo­gik ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da tä­ze hal­ka­ra ulag ugur­la­ry­ny dö­ret­mek me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, äh­lu­mu­my gat­na­şyk­lar­da hil taý­dan tä­ze ugur — ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy peý­da bol­ýar. BMG-niň we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de şu me­se­le bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ba­şy­ny baş­lan ýur­du­myz bu dip­lo­ma­ti­ýa­ny dö­re­di­ji­le­riň bi­ri­dir.
Ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä ba­zar­la­ry­na ibe­ril­me­gi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek hem-de Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­da­ýy ka­da­laş­dyr­mak hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Türk­me­nis­tan goň­şy Ow­ga­nys­ta­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan di­kel­dil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek we san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek, hu­su­sy ul­ga­my gol­da­mak ýa­ly stra­te­gik ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Preziden­ti­miz ýur­du­my­zyň uly we­ki­li­ýe­ti­niň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Glaz­go şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 26-njy mas­la­ha­ty­na gat­na­şan­dy­gy­na ün­si çek­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we onuň daş­ky gur­şa­wa, yk­dy­sa­dy­ýe­te, jem­gy­ýe­te tä­si­ri hä­zir­ki döw­rüň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň bu äh­lu­mu­my fo­ru­ma gat­naş­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň şu me­se­lä örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ne, adam­zat üçin uly we­hi­me gar­şy gö­reş­me­giň umu­my, yla­la­şyk­ly çä­re­le­ri­ni gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­na hem-de gaý­ra­go­ýul­ma­syz­dy­gy­na dü­şün­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Dip­lo­mat köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň örän iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni hem-de ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­läp, mu­nuň köp ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti­niň dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de müm­kin bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz we dost­luk­ly döw­le­tiň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li iki ýur­duň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny tas­syk­lap, hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­di­ler. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry, gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy we beý­le­ki köp san­ly ul­gam­lar mö­hüm ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz yk­dy­sa­dy kuw­wat­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len Türk­men-bri­tan söw­da-se­na­gat ge­ňe­şi­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­läp, bu dü­zü­miň işi­niň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga we ös­dür­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ýur­du­myz­da in­no­wa­si­on ösüş stra­te­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we nou-hau­la­ry or­naş­dyr­mak­da hyz­mat­daş­lyk üçin oňat müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, yn­san­per­wer ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.
Dip­lo­mat öz ta­ra­pyn­dan bri­tan-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, iki ýur­duň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne, iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy hem-de işe­wür gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam edil­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezi­den­ti­miz hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Lýu­sia Uaýld döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iki ýur­duň hoş­me­ýil­li erk-is­le­gi­ne da­ýa­nyp, mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne, tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.