Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da, yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zy dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy, yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek ba­bat­da tä­ze sep­git­le­re ýe­til­ýär. Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da äh­li ugur­lar­da bol­şy ýa­ly, dok­ma pu­da­gyn­da hem ägirt uly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çir­ilýän­di­gi­ne 11-13-nji iýun ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len «Turk­men­texti­le Expo – 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­dan hem göz ýe­tir­mek bol­ýar.
Ýur­du­my­zyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky kär­ha­na­la­ryň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň bu ugur­da iş alyp bar­ýan ag­za­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­lar­dan dok­ma en­jam­la­ry­ny, dok­ma se­na­ga­ty üçin bo­ýag we hi­mi­ki se­riş­de­le­ri, çig mal, gap­laý­jy we önüm­çi­lik se­riş­de­le­ri­ni ön­dü­ri­ji, üp­jün edi­ji kom­pa­ni­ýa­la­ryň 110-a go­la­ýy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­en ser­gi bu mö­hüm pu­dak­da­ky buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­ler bi­len ta­nyş­mak­da, tä­ze göz­ýe­tim­le­ri kes­git­le­mek­de giň müm­kin­çi­lik­le­riň meý­da­ny­na öw­rül­di. Ser­gä da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we bel­li mo­da bir­leş­me­le­ri­niň 60-dan gow­ra­gy­nyň gat­naş­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu mö­hüm ug­run­da ýur­du­my­zyň dün­ýä­de bar­ha ynam­ly orun­la­ry eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Çün­ki Di­ýa­ry­myz­da­ky iri dok­ma top­lum­la­ry, pag­ta eg­ri­ji we ti­kin­çi­lik fab­rik­le­ri, pi­lä­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lary, aýak­gap fab­rik­le­ri eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa çig mal­lar­dan ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­ýär­ler. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň has-da art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gy­nyň önüm­le­ri, şo­nuň bi­len bir­lik­de dür­li ha­ryt ny­şan­la­ry­nyň at­la­ry hem di­ňe bir Di­ýa­ry­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da-da bar­ha uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Aş­ga­bat, Baý­ra­ma­ly, Ba­ba­daý­han, Ka­ka, «Ru­ha­bat» dok­ma top­lum­la­ry­nyň, Aş­ga­ba­dyň pan­bar­hat kär­ha­na­sy­nyň, Marynyň «Ýe­ňiş» ti­kin fab­ri­gi­niň, «Ahal» ti­kin­çi­lik bir­le­şi­gi­niň, «Ba­har» ti­kin-önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň ser­gi­de gör­kez­ýän önüm­le­ri bu aý­dy­lan­la­ry aň­ry­ýa­ny bi­len tas­syk­la­ýar. Dok­ma, egin-eşik we aýak­gap önüm­le­ri, te­bi­gy sü­ýüm­le­riň gör­nüş­le­ri, kö­mek­çi se­riş­de­ler, hi­mi­ýa önüm­le­ri we bo­ýag­lar, şeý­le-de iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly ugur­lar­dyr bö­lüm­le­ri öz içi­ne al­ýan bu ser­gä Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň bu ugur­da iş alyp bar­ýan ag­za­la­ry, dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ser­gi­de ýer­li we da­şa­ry ýurt di­zaý­ner­le­ri­niň ly­bas­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi gu­ra­lyp, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ga­dy­my dok­ma usul­la­ry, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ba­gyş­la­nan us­sat­lyk sa­pak­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler bi­len ta­nyş­ma­ga, öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga we ös­dür­mä­ge, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni alyş­ma­ga oňaý­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.
«Turk­men­texti­le Expo – 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­nyň çäk­le­rin­de hä­zir­ki za­man mo­da­sy­nyň hal­ka­ra gör­ke­zi­li­şi hem ge­çi­ril­di. Bu gör­ke­zi­li­şe mil­li hem-de da­şa­ry ýurt­ly di­zaý­ner­ler gat­na­şyp, olar mil­li däp-des­sur­la­ryň we mo­da­nyň hä­zir­ki za­man ten­den­si­ýa­la­ry­nyň ut­ga­şy­gy­ny egin-eşik kol­lek­si­ýa­la­ryn­da gör­kez­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky «Mi­ras» mo­da öýü­niň di­zaý­ner­ler to­pa­ry mil­li däp-des­sur­la­ra we hä­zir­ki za­man mo­da­sy­nyň ten­den­si­ýa­la­ry­na la­ýyk gel­ýän aja­ýyp köý­nek­ler ýy­gyn­dy­sy­ny hö­dür­le­di. Bu gör­ke­zi­li­şe «Mad Mo­od Mi­la­no» Mo­da hep­de­li­gi­niň di­rek­to­ry Ma­ri­an­na Mi­çe­li, baý­ram­çy­lyk köý­nek­le­ri bi­len ta­nal­ýan lon­don­ly di­zaý­ner Omar Man­sur, türk­men di­zaý­ne­ri Göw­her Pir­ku­ly­ýe­wa Gu­wer­ne, Sin­ga­pur­ly di­zaý­ner Haý­den Ng, şeý­le hem Ga­za­gys­ta­nyň «Asyl-de­sign» mo­da öýü­niň baş di­zaý­ne­ri Aý­dar­han Ha­li­ýew we baş­ga-da bir­nä­çe Türk­me­nis­tan­ly hem-de da­şa­ry ýurt­ly di­zaý­ner­ler gat­naş­dy­lar.
Umu­man hal­ka­ra ser­gi Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mek, şeý­le hem hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin meý­dan­ça öw­rül­di we oňa gat­na­şy­jy­lar in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­lar bi­len tan­şyp, işe­wür hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da mas­la­hat­laş­dy­lar.

Mi­we ÇA­RY­ÝE­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.