Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atlandyrylan ýylyň ilkinji günlerinde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiş gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary we olary taýýarlan halypa mugallymlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2020-nji ýylyň 3-nji martynda 37 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda düzgünnamasy” laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň 5-si birinji orna, 6-sy ikinji orna we 15-si üçünji orna mynasyp boldy.
Okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar bilen sylaglandy.
Geçirilen çärede Döwlet bäsleşiginde ýeňiji bolan talyplara we olary taýýarlan professor-mugallymlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary we institutyň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabara gatnaşan professor-mugallymlar we talyp ýaşlar Watanymyzda ähli ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, bu ugurda degişli maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda, özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Hormatly Prezidentimiziň halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmagy mynasybetli geçirilen dabaraly çärede, institutyň 1 hünärmeni we 5 talyby hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular.
Dabaraly çäräde sylaglara mynasyp bolan talyplar we professor-mugallymlar ýürek buýsançlaryny aýtdylar we şeýle üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de Watanymyzyň abraýyny belende götermek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
PDF









