7-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde “Caspian Sea Action Week 2026” halkara forumynyň çäklerinde “Bir Hazar – bir geljek” atly iş maslahaty geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çäräniň esasy wakasy hökmünde «Bilelikdäki ylmy-barlaglar – Hazar deňziniň derwaýys meselelerini çözmegiň düýp mazmuny» atly tegelek stol geçirildi.
Maslahata Gazagystanyň we beýleki Hazarýaka döwletleriň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, öňdebaryjy ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri hem-de degişli hünärmenler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Hazar deňziniň gidrometeorologik, ekologiýa we gidrobiologiýa barlaglarynyň derwaýys meseleleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem deňiz akwatoriýasynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň döwrebap çemeleşmelerine, biologik köpdürlüligi saklamaga, klimatyň üýtgemeginiň täsirlerine hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryna seredildi. Çärä gatnaşyjylar Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamaga we onuň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çözgütleri işläp düzmek üçin sebit ýurtlarynyň ylmy mümkinçiliklerini birleşdirmegiň uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.
PDF








