Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty tertipde işleýär.

4-nji marta çenli ýagdaýa görä Merkezi Aziýa döwletleri, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Germaniýa, Türkiýe, Saud Arabystan ýaly 16 ýurtdan 200-den gowrak adam goňşy Eýrandan Türkmenistana girdi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

2026-njy ýylyň 4-nji marty