25-nji noýabrda «Akorda» köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti döw­let Baştutanymyzy mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ça­ky­ly­gy ka­bul edip Ga­za­gys­ta­na ge­len­di­gi üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di we hormatly Prezidentimiziň şu ge­zek­ki döw­let sa­pa­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly ga­zak-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm ädim bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ga­za­gys­tan­da Türk­me­nis­ta­na do­gan­lyk goň­şy döw­let we stra­te­gik hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ral­ýar. Ýurt­la­ry­my­zy kö­pa­syr­lyk dost­luk, ta­ry­hyň, di­liň, me­de­ni­ýe­tiň umu­my­ly­gy bag­la­nyş­dyr­ýar. Iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ul­gam­lar­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ru­hun­da ös­dü­ril­ýär. Ga­za­gys­tan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry bi­len gel­mä­ge ça­ky­lyk, şeý­le-de türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan et­di hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we ibe­ren sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri, öz ge­ze­gin­de, Gahryman Arkadagymyza iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, ga­zak-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň ägirt uly go­şan­dy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni hem-de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň giň ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ugur­la­ryň her bi­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk gu­ral­la­ry – hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry, ugur­daş iş to­par­la­ry we beý­le­ki ut­gaş­dy­ry­jy dü­züm­ler üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär. Bu dü­züm­ler ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry iler­let­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da ýurt­la­ry­myz hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Iki döw­le­tiň hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ni, BMG-niň, beý­le­ki dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy üçin ga­zak ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di. Soň­ra gep­le­şik­ler iki ýur­duň we­ki­li­ýet ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňel­di­len dü­züm­de do­wam et­di.
Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny ýe­ne-de bir ge­zek mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ga­zak we türk­men halk­la­ry­nyň dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, ta­ry­hyň, me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň umu­my­ly­gy bi­len bag­la­nyş­ýan do­gan­lyk halk­lar­dy­gy­ny bel­le­di. Ol Ga­za­gys­ta­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra gol­daw ber­mek ru­hun­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň iki do­gan­lyk hal­kyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti iki ýur­duň ara­syn­da äh­li de­re­je­de iş­jeň we ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny, köp­ta­rap­la­ýyn dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk edil­ýän­di­gi­ni, se­bit hem-de hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň köp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ga­za­gys­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ga­bat gel­ýän­di­gi­ni ýa-da ýa­kyn­dy­gy­ny bel­le­di. Mun­dan baş­ga-da, ol ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dyp, Ga­za­gys­tan­da we Türk­me­nis­tan­da iki hal­kyň ru­hy-me­de­ni mi­ra­sy­na uly go­şant go­şan gör­nük­li şah­sy­ýet­le­riň, hu­su­san-da, As­ta­na şä­he­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň, Aş­ga­bat­da bol­sa Kur­man­ga­zy Sa­gyr­ba­ýu­ly­nyň we Abaý Ku­nan­ba­ýe­wiň ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň açy­lan­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi do­gan­lyk halk­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ka­bul edil­di. Şo­ňa gö­rä, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga goş­ýan ägirt uly go­şan­dy üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di.
Dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri Ga­za­gys­tan­da hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ul­gam­da we hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy, äh­li türk­men hal­ky­ny Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy. Şeý­le-de ol Ga­za­gys­ta­nyň Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­ny, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň BMG bi­len bi­le­lik­de ge­çir­ýän çä­re­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, de­kabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­jak­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry bi­len gel­mä­ge ça­ky­lyk hem-de bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we min­net­dar­lyk bil­di­rip, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny nyg­tap, ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin bi­le­lik­de ta­gal­la et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bi­ziň döw­let­le­ri­mi­zi ta­ry­hy kök­le­riň umu­my­ly­gy, ru­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň ýa­kyn­ly­gy, aýaw­ly sak­la­nyl­ýan hem-de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän däp-des­sur­la­ry­myz bag­la­nyş­dyr­ýar. Iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar mö­hüm döw­le­ta­ra res­mi­na­ma­la­ra – stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma hem-de dost­lu­gy pug­ta­lan­dyr­mak we köp­ta­rap­ly stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma esas­lan­ýar.
Türk­me­nis­tan hem-de Ga­za­gys­tan sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ener­ge­ti­ka dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ös­dür­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ýa­ly äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Şeý­le-de hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şyk­la­ry­nyň, «Mer­ke­zi Azi­ýa +» for­ma­ty­nyň we beý­le­ki se­bit me­ha­nizm­le­ri­niň çäk­le­rin­de öza­ra he­re­ket­le­ri mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da se­na­gat ga­lyn­dy­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, «ýa­şyl» gur­lu­şyk, Aral we Ha­zar de­ňiz­le­ri­niň ekoul­ga­my­ny go­ra­mak ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da Ga­za­gys­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni we eko­lo­gik howp­suz­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tej­ri­be alyş­ma­ga, elektro-e­ner­ge­ti­ka, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, me­tal­lur­gi­ýa, ma­şyn­gur­lu­şyk, dok­ma se­na­ga­ty, ne­bit­hi­mi­ýa, te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek, şä­her gur­lu­şy­gy pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge açyk­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my-da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gik ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zy bag­la­nyş­dyr­ýan aw­to­mo­bil ýol inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mek ba­bat­da ut­ga­şyk­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu aýyň ba­şyn­da Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si işe gi­ri­zil­di, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­den türk­men-ga­zak döw­let ser­he­di­ne çen­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet, in­no­wa­si­ýa­lar, oba ho­ja­lyk top­lu­my hem hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­si iki­ta­rap­la­ýyn, şeý­le-de se­bit gün ter­ti­bin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myň türk­men-ga­zak gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm bö­le­gi­di­gi­ni bel­läp, ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, be­den­ter­bi­ýe, sport ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da-da giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di.