Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyryp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Saparyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy meselesine garaldy, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösýändigi we şunda bu görkezijini mundan beýläk-de artdyrmak babatda mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täsirliligi we işjeňligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy-ykdysady giňişliklerinde ygtybarly orun eýeledi.
Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklary netijeli ösdürýär. Bu babatda Gazagystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.
Mizemez dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklary, iki goňşy ýurduň halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk ruhy we medeni umumylyk şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berildi. Iki döwletiň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy bilelikdäki tagallalar bilen durmuşa geçirilen iri düzümleýin taslamalarda beýanyny tapdy. Şol taslamalar bolsa özara bähbitlere hem-de sebit möçberinde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýär.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn ýokary derejedäki oňyn syýasy dialogyň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä göterdi.
Soňky döwürde türkmen-gazak gatnaşyklaryna işjeň häsiýet mahsusdyr, onuň aýdyň mysaly, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň Baştutanynyň ýurdumyza amala aşyran sapary bolup durýar.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry energetika bilen baglanyşyklydyr. Energetika ulgamynda, şol sanda gaz pudagynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligi bar. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Gazagystan öz çäklerinde ýerleşen howa, deňiz portlary, demir ýol we awtomobil ulag ulgamlary arkaly ulag gatnawlaryny amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýän üstaşyr we ulag kommunikasiýalary babatdaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek ugrunda tagalla edýär. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly arkaly gatnawlary amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Ýükleriň halkara üstaşyr ýoly, şol sanda Hazarüsti halkara ulag ýoly (Orta geçelge), Merkezi Aziýa – Pars aýlagy geçelgesi, Günorta geçelge we Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän beýleki halkara geçelgeler arkaly daşalyşyny artdyrmak we giňeltmek üçin amatly şertleri üpjün etmek ugrunda tagallalar edilýär.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sport babatda hem ösdürilýändigi özara hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginden habar berýär. Dürli ýyllarda türkmen türgenleriniň Gazagystanda, gazagystanly sport hünärmenleriniň Türkmenistanda üstünlikli işländikleri bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň baý taryhynyň bardygyny görkezýär. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Mähri REJEPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.