29-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasyndaa telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly we yzy­gi­der­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, soň­ky ýyl­lar­da onuň köp ul­gam­la­ry öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, gyr­gyz Li­de­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň sa­la­my­ny ýe­tir­di. Pre­zi­dent Sa­dyr Ža­pa­row iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, Gyr­gy­zys­ta­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy hem-de, öz ge­ze­gin­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Ýurt­la­ry­myz hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça, şol san­da dün­ýä­de we se­bit­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek, eko­lo­gi­ýa, suw me­se­le­si ýa­ly ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy üçin gyr­gyz ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di. Biz Gyr­gy­zys­ta­nyň şeý­le ga­raý­şy­na, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge we yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­my­za ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy hem-de ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­ny Gyr­gy­zys­ta­nyň gol­dan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan hem, öz ge­ze­gin­de, dost­luk­ly ýur­duň BMG-niň çä­gin­dä­ki hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny, hu­su­san-da, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan hyz­mat­daş­ly­gyň bu ug­ru­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär hem-de döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň bu ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň, şol san­da buz­luk­la­ryň ere­me­gi, dag ösü­şi ýa­ly me­se­le­le­riň giň top­lu­myn­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Biz bu me­se­le­le­ri BMG-niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly gün ter­ti­bi­ne gi­riz­mek ba­bat­da Gyr­gy­zys­ta­nyň çe­me­leş­me­le­ri­ni gol­da­ýa­rys di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Türk­me­nis­tan se­bit­de te­bi­ga­ty we eko­lo­gik gur­şa­wy go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri gol­da­ýar. Mu­nuň özi suw se­riş­de­le­ri­ni ýurt­la­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne re­je­li hem de­ňag­ram­ly peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan eden­di­gi­ni aý­dyp, ýur­du­my­zyň Gyr­gy­zys­tan bi­len bi­le­lik­de bu me­se­le­le­ri çöz­mä­ge iş­jeň gat­naş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Eko­lo­gik de­ňag­ram­ly­lyk ba­bat­da aý­dy­lan­da, ýur­du­my­zyň ýa­kyn­da Gyr­gy­zys­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ka­bul eden Dag bar­sy­nyň hal­ka­ra gü­nü­ni yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­sy­ny gol­dan­dy­gy­na üns çe­kil­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bu Ka­rar­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş et­di. Mu­nuň özi iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň çä­gin­de ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Gyr­gy­zys­ta­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Hö­kü­met, dip­lo­ma­tik, pu­dak eda­ra­la­ry de­re­je­sin­de yzy­gi­der­li gat­na­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar. 2021-nji ýy­lyň iýu­nyn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­ro­wyň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­re kuw­wat­ly iter­gi ber­di. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da mö­hüm yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de bu yla­la­şyk­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi iki ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne uly go­şant goş­ýar, şeý­le hem se­bit­dä­ki ýag­da­ýa oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz iki ýur­duň ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky öza­ra bäh­bit­li, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny bel­läp, türk­men ta­ra­py­nyň ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Söh­bet­deş­ler türk­men-gyr­gyz hyz­mat­daş­ly­gy­nyň uly kuw­wa­ty­nyň bar­dy­gy­ny aý­dyp, bu kuw­wa­ty iki ýur­duň, tu­tuş se­bi­tiň ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne dur­mu­şa ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri şu ýy­lyň Türk­me­nis­tan üçin mö­hüm wa­ka­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di. 2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýär, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bu ýyl BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň 2025-nji ýy­lyň do­wa­myn­da­ky iş­le­ri­niň we ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň Kon­sep­si­ýa­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Kon­sep­si­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my we se­bit ösü­şi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­dyr çe­me­leş­me­le­ri, ýur­du­myz­da, BMG-niň, beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň meý­dan­ça­la­ryn­da ge­çi­ril­jek iri hal­ka­ra çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­la­ry be­ýan edil­ýär. Gahryman Arkadagymyz Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentini Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ge­çi­ril­jek fo­ru­ma ça­gy­ryp, Sa­dyr Ža­pa­ro­wyň oňa gat­naş­ma­gy­nyň bu çä­rä­ni üs­tün­lik­li ge­çir­mä­ge mö­hüm go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Pre­zi­dent Sa­dyr Ža­pa­row, öz ge­ze­gin­de, Mil­li Li­de­ri­mi­zi is­len­dik amat­ly wagt­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row iki ýur­duň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni bel­läp, do­gan­lyk halk­la­ra pa­ra­hat­çy­lyk, ro­waç­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di­ler.