4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz gurluşygy batly depginde dowam edýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň bina edilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz şäher ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň bellenen aralygy bökdençsiz geçip bilmekleri üçin degişli işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk edarasynyň binalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşyny, merkeziň içki we daşky bezeg işlerini, ulanylýan dürli serişdeleriň görnüşlerini şekillendirýän taslamalar bilen tanyşdy. Olarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän lukmançylyk edaralarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, daşky germewleriniň görnüşleri öz beýanyny tapýar.
Iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylar
Paýtagtymyzda täze gurulýan Halkara pediatriýa merkeziniň binalary, onda ýerleşdiriljek bölümler, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri S.Annanyýazowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze saglyk merkeziniň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar. Merkeziň bölümlerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylar. Şunda birnäçe enjamlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de ilkinji gezek ornaşdyrylýandygyny nygtamak gerek. Şeýle-de bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilýär.
Lukman Arkadagymyz taslamalar, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, olaryň aýratynlyklary, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp, öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz täze merkeziň täze garaýyşly we uzak geljegi nazarlaýan hassahanadygyny, sebitde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlarda işlejek lukmanlaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümleriniň, lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, adamlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň berkligine, döwrebaplygyna, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, oňa adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň giňden çekilmegini üpjün etmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi ynsan saglygynyň goralmagynda, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde wajypdyr. Şu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.
Iş maslahaty geçirildi
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň intensiw bejeriş bölüminiň müdiriniň, «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň sebit müdiriniň orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze merkeziň gurluşygyny ýokary derejede tamamlamak we ony döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrmak, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň dowamynda Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleriniň depginleri, onda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri, ugurdaş desgalaryň üpjünçilik meseleleri barada giňişleýin hasabatlar berildi. Şeýle hem hasabatlarda bu ýerde işlejek lukmanlaryň dünýäniň öňdebaryjy klinikalarynda bolup, tejribe toplandyklary, degişli ugurlar boýunça hünär derejeleriniň kämilleşdirilendigi hakynda aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz täze enjamlar bilen işlemek, olary dolandyrmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda geljegimiz bolan çagalarymyzyň berk bedenli bolmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkyň saglygynyň diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň hem berk binýadydygyny belläp, döwrebap merkeziň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda ýokary derejede hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilýän saglyk merkezleriniň hojalyk işlerini şäher häkimligi bilen ylalaşykda ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde täze merkeziň gurluşygynda, onuň hojalyk düzüminde alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow şäheriň häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň toplumynyň kemala gelen ýerinde alnyp barylýan işler, ýerine ýetirilýän arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy we paýtagtymyzda degişli ekologiýa derejäni saklamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, Aşgabadyň bu gözel künjeginiň özbaşdak şäherçä öwrülendigine ünsi çekdi. Bu saglyk şäherçesi öz ýollary, bagy-bossanlygy bilen şäheriň görküne görk goşýar. Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini hem-de hilini has-da ýokarlandyrar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini nobatdaky gezek subut edýär. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň aňrysynda geljegimiz bolan çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň Watana wepaly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrundaky aladanyň ýatandygyny belledi we bu babatda ýaýbaňlandyrylan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.