2025-nji ýylyň maý aýynda Tähranda alternatiw energiýa ulgamynda giň gerimli halkara çäre geçiriler. Eýran tarapy türkmen işewür toparlaryny IX Halkara sergisine we täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri boýunça konferensiýa gatnaşmaga resmi çakylyk iberdi. Sergi bilen bir hatarda, Eýranyň täzelenip bilýän energiýa ulgamyndaky altynjy Milli baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.
Çäreler 2025-nji ýylyň 26-27-nji maýynda “Milad” konferensiýa merkezinde geçiriler.
Çeşme: tstb.gov.tm.