7-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “WeLoveModainItaly–Ashgabat” atly türkmen-italýan bilelikdäki moda görkezilişi boldy. Dabara ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, şäheriň ýaşaýjylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Italiýa Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen häzirki zaman lybaslaryň görkeziliş dabarasynda Italiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky medeni çärelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Diplomat Italiýanyň dünýäniň iň uly eksportýorlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem, ilçi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine we Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty akademiýasyna bu çäräni guramakda beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dabarada Italiýanyň belli dizaýnerleri Gloriýa Trawisani we Klawdiýa Bellini bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyby, dizaýner Jennet Agaýewanyň döreden ajaýyp egin-eşik ýygyndysynyň görkezilişinde türkmen milli öwüşginlerine beslenen döwrebap häsiýetli lybaslar uly orun aldy. Bu moda görkezilişigi, türkmen we italýan ussat dizaýnerleriniň döredijilikli äleminiň döwrebap nusgasy myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Italýan dizaýnerleriň ýurdumyzda bolýan wagtynda ussatlyk saparlarynyň hem geçirilendigi mälim edildi.