Türkmen keşdeçilik sungaty gadymdan bäri halkymyzyň durmuşynda, medeniýetinde we ýörelgelerinde aýratyn orun eýeleýär. Ol diňe bir dokma sungatynyň bir görnüşi bolman, eýsem, ene-mamalarymyzyň döredijilik dünýäsini, milli ruhy wezipesini hem ýerine ýetirip gelýär. Bu ugurda degişli işler geçirilip, golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Türkmen keşdesiniň esasyny dürli nagyşlar, nyşanlar we reňk sazlaşygy emele getirýär. Her nagyş özünde bir many saklap, berekedi, ýagşy dilegleri, maşgalanyň agzybirligini ýa-da gelin-gyzlaryň arzuwlaryny beýan edýär. Şonuň üçin keşde diňe bir bezeg däl, ol dilsiz gürrüňçi, taryhyň we halk ykbalynyň ýazuwynyň bir görnüşidir.
Keşdeler köplenç gelinlik milli lybaslarynda, kürtelerde, tahýalarda we öý-hojalyk serişdelerinde ulanylýar. Olar ýüpek, nah matalaryň ýüzüne inçe sungat bilen çekilýär. Ussatlar reňkleriň arasynda sazlaşyk döredip, aýratyn owadanlygy emele getirýärler.
Bu sungat nusgasy nesilden-nesle geçip, häzirki döwürde hem ýaş keşdeçi gyzlaryň hem-de halypalaryň üsti bilen ösdürilip gelinýär. Türkmen keşdeçiligi diňe bir milli gymmatlygymyz bolman, eýsem, dünýä medeniýetiniň hem gymmatly hazynasynyň bir bölegidir.
Berdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









