Şu ýyl türkmen kinematografiýasy özüniň şanly 100 ýyllyk baýramyny dabaraly belleýär. Bir asyryň dowamynda uly ösüş ýoluny geçen milli kino sungatymyz bu günki gün täze mazmun we döwrebap çemeleşmeler bilen baýlaşdyrylýar. Bu şanly sene mynasybetli, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Kompozitor» filmi halkara meýdançasynda uly seslenme döredip, türkmen kinosynyň abraýyny has-da belende göterdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen «Kompozitor» çeper filmi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara kinofestiwallarda-da ýokary baha mynasyp bolýar. Filmiň iň täze we iň iri üstünlikleriniň biri – Moskwada geçirilen «Göwher kebelek» (Diamond Butterfly) atly Açyk Ýewraziýa kino baýragynda gazanan ýeňşidir. Şeýle hem «Kompozitor» çeper filmi Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygynyň dabaraly çärelerinde öňe saýlanyp, halkara derejede ykrar edildi. Film özboluşly sazlaşygy we taryhy mazmuny TÜRKSOÝ-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy. Bu üstünlik türkmen kinosynyň ösüşiniň we dünýä ýaýylmagynyň täze menzillerini görkezýär.
Kino eserleriniň saz bezegi ugrunda gazanylan ýokary üstünlikler üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Onuň işi kino pudagynyň hünärmenleri, tankytçylary we halkara medeni jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
Umuman, bu filmi döretmäge režissýor Maksat Gylyjowyň ýolbaşçylygynda uly döredijilik topary gatnaşdy. «Kompozitor» tomaşaçylar tarapyndan mähirli garşylandy we ýokary baha mynasyp boldy.
Amanmyrat KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









