S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 14-nji martynda, 18-nji aprelinde we 9-njy maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar
Şol günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar:
Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2009-njy (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy.
Telefon belgileri: 34-07-77, 34-25-64, 34-27-09.
Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmen oba hojalyk institutynda.
Salgysy: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy.
Telefon belgileri: (+993 322) 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.
Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.
Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy.
Telefon belgileri: (+993 422) 9-89-56, 9-87-71, 9-88-12.
Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.
Salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy.
Telefon belgileri: (+993 564) 6-00-83, 6-07-84, 6-30-82.
PDF









