10-14-nji ýanwar aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde ýurduň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkezi tarapyndan XXII Halkara Žautykow olimpiadasy guraldy. Bu abraýly bäsleşige dünýäniň 16 döwletinden 600-den gowrak zehinli okuwçy gatnaşdy. Matematika, fizika we informatika derslerinden geçirilen bäsleşikde ýurdumyza 28 okuwçy wekilçilik edip, jemi 16 medala eýe boldular.
Matematika dersinden Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem Mälikşa Meýlismyradow (86-njy mekdep), Myrat Ruslanow (97-nji mekdep) we Selim Hommatdurdyýew (135-nji mekdep) dagy kümüş medallary eýelediler. Şol dersden Seýitgeldi Hojamuhammedow (83-nji mekdep), Sanjar Hojanyýazow we Söýünmuhammet Geldimämmedow (49-njy mekdep), Begli Işanmyradow we Kümüş Nobatowa (86-njy mekdep) hem-de Daşoguz şäherinden Begenç Gummanow (26-njy mekdep) bürünç medallara eýe boldular.
Fizika we informatika derslerinde hem ýaşlarymyz uly üstünlikleri dowam etdirdiler. Fizikadan Mary welaýatynyň Şatlyk şäherinden Döwlet Annamyradow kümüş medala, Nurgeldi Annagurdow (79-njy mekdep) we Aýsenem Kakamyradowa (Mary ş. 10-njy mekdep) bürünç medallara mynasyp boldular. Informatika dersinden bolsa Hojamuhammet Hydyrow we Yhlas Annamyradow (86-njy mekdep) hem-de Kasym Köçekow (135-nji mekdep) bürünç medallary eýelemegi başardylar.
Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiginde gazanan 1 altyn, 4 kümüş we 11 bürünç medaly hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň netijesidir. Bu ajaýyp üstünlikler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan ilkinji ýeňiş bolup, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da berkitdi.
PDF








