Hormatly  Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde 12-14-nji iýul aralygynda gulluk iş saparynda bolýar. Wekiliýetiň agzalary saparyň dowamynda Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine, türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konsertine gatnaşdylar.

13-nji iýulda Buharanyň ýaşlar merkezinde birinji Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi. Forumda ikitaraplaýyn resminamalaryň 40-a golaýyna gol çekildi.

Türkmen we özbek telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirjek resminamalar eksport we import amallary boýunça, şeýle-de bilelikdäki şertnamalardan ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän Lebap we Daşoguz welaýatyndan bolan telekeçileriň uly topary özbegistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar.

Gol çekilen resminamalara laýyklykda, oba hojalyk önümleri, azyk we gurluşyk, senagat ugurly harytlaryny eksport we import etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de haly öndürýän bilelikdäki kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda «Sahid Zarowshan» myhmanhanasynda Türkmen-özbek işewürler forumy geçirildi.