Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýa­kyn goň­şy döw­let­ler bi­len ys­ny­şyk­ly we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Mu­ňa özü­niň göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­men-öz­bek dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry hem aý­dyň my­sal bo­lup dur­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-de ýur­du­my­zyň iň ýa­kyn goň­şu­sy, esa­sy söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär.
Iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ra ser sa­la­nyň­da, 2007-2021-nji ýyl­lar­da iki ýur­da ýo­ka­ry de­re­je­de je­mi 23 sa­ny döw­let, res­mi we iş sa­par­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň sy­ýa­sy ug­ru­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­myz goň­şy Öz­be­gis­tan bi­len köp­ta­rap­la­ýyn öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­dy. Türk­me­nis­tan we Öz­be­gis­tan söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ge­çel­ge­le­ri­niň mö­hüm çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len köp ugur­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär. Hu­su­san-da, türk­men-öz­bek stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy dost­lu­ga we yna­ma esas­lan­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, goň­şy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mirzi­ýo­ýe­wiň döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­dan soň­ra özü­niň il­kin­ji da­şa­ry ýurt res­mi sa­pa­ry­ny bi­ziň ýur­du­my­za ama­la aşyr­ma­gy hormatly Prezidentimize hem-de türk­men hal­ky­na goý­ýan be­lent hor­ma­ty­nyň ny­şa­ny­dyr. Şol sa­pa­ryň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky yla­la­şyk iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy.
Türk­me­nis­tan Öz­be­gis­ta­nyň stra­te­gi­ki taý­dan mö­hüm söw­da hyz­mat­da­şy­dyr. 1996-njy ýyl­dan bä­ri he­re­ket ed­ýän Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek to­pa­ry­nyň iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­dä­ki or­ny ulu­dyr. Şu ýy­lyň 14-nji sent­ýab­ryn­da şol to­pa­ryň 16-njy mej­li­si ge­çi­ril­di, on­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li çuň­laş­dyr­mak hem-de gi­ňelt­mek üçin mö­hüm yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy fo­rum iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, önüm­çi­lik bir­leş­me­le­ri­ni gi­ňelt­mek we çuň­laş­dyr­mak, bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek, tä­ze teh­no­lo­gik iş­läp düz­me­le­ri ulan­mak hem-de in­no­wa­si­on yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­jeň tej­ri­be alyş­mak ba­bat­da mö­hüm meý­dan­ça bo­lup hyz­mat et­di. Iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 13-si­ne, şol san­da je­mi ABŞ-nyň 13,5 mil­li­on dol­la­ry­na go­laý bo­lan eks­port-im­port amal­la­ry­ny ama­la aşyr­mak ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­ta­nyň kö­pa­syr­lyk dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gy­nyň, ýo­la goý­lan öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li gi­ňelt­mä­ge hem-de çuň­laş­dyr­ma­ga iki ta­ra­pyň hem gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bol­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Türk­me­nis­tan Öz­be­gis­tan­dan hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni, ma­şyn­la­ry we en­jam­la­ry, azyk önüm­le­ri­ni sa­tyn al­ýar, şol bir wagt­da goň­şy ýur­da türk­men ener­gi­ýa gö­te­ri­ji­ler, ne­bit önüm­le­ri we hi­mi­ýa önüm­le­ri ug­ra­dyl­ýar.
Türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýe­ne bir ile­ri tu­tul­ýan ug­ry ulag pu­da­gy­dyr. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz ulag we lo­gis­ti­ka ugur­la­ry­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ugur­da da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na çyk­ma­gyň al­ter­na­tiw ugur­la­ry bo­ýun­ça iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Türk­me­nis­tan we Öz­be­gis­tan ga­dy­my tä­sin me­de­ni­ýet­le­riň mi­ras­dü­şer­le­ri bol­mak bi­len umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan ta­ry­hy-ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­re aýaw­ly ga­ra­mak ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Me­de­ni we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk iki­ta­rap­la­ýyn türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­dan bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri iki ýurt ta­ra­pyn­dan gur­na­lan me­de­ni gün­le­re, kon­sert­le­re, fes­ti­wal­la­ra, ýa­ryş­la­ra we sport çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Öz­be­gis­tan­da dost­lu­gyň ny­şa­ny hök­mün­de «Аşga­bat» se­ýil­gä­hi, be­ýik türk­men akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýän dynç alyş zo­la­gy he­re­ket ed­ýär. Şun­da Aş­ga­bat­da hem «Daş­kent» türk­men-öz­bek dost­luk se­ýil­gä­hi­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ma­gy­nyň öza­ra dost­lu­gyň we je­bis­li­giň ny­şa­ny­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Öz­be­gis­ta­na şu ge­zek­ki res­mi sa­pa­ry mi­ze­mez dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan kö­pa­syr­lyk türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm sa­hy­pa­ny aç­dy.
Hä­zir­ki wagt­da döw­let ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ryn­da do­gan­lyk döw­let­ler öň­den gel­ýän, her bir ta­ra­pyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň hem-de mil­li bäh­bit­le­ri­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na do­ly ky­bap gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.

Gam­bar­gu­ly ÝAL­KA­MY­ŞOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my, bio­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.