19-njy ýan­war­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Türk­men-rus işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Işe­wür­lik du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin Rus­si­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­ha­il Mi­şus­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­kil­çi­lik­li to­par türk­men paý­tag­ty­na gel­di. We­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­dä­ki ýo­ka­ry we­zi­pe­li myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­myz­da iş sa­pa­ry bi­len bol­ýan RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­now we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň beý­le­ki se­bit­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry bar. Şeý­le hem Hö­kü­met dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we esa­sy hü­när­men­le­ri, mi­nistr­lik­le­riň, döw­let eda­ra­la­ry­nyň, tä­jir­çi­lik däl gu­ra­ma­la­ryň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ul­gam­la­ryn­da iş­le­ýän iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň we kär­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de ýur­du­my­za gel­di­ler.
Türk­men ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe wi­se-prem­ýer­ler, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, döw­let kon­sern­le­ri­niň, bir­le­şik­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­riň, bank­la­ryň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň, bir­nä­çe ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry fo­ru­ma gat­naş­ýar­lar.
Gü­nüň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da “te­ge­lek sto­luň” ba­şyn­da du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ola­ryň bar­şyn­da se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi, in­no­wa­si­ýa we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri, ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­ýil­le­ri we ýol­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça türk­men-rus hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri iç­gin ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le hem iki ýur­duň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ara­syn­da du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ola­ryň çäk­le­rin­de dür­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­le­re we oňyn ne­ti­je­le­re bes­len­ýär
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş edip,
Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-rus to­pa­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň gu­ral­la­ry­nyň ýe­ter­lik de­re­je­de ne­ti­je­li he­re­ke­te gi­ri­zi­len­di­gi bel­le­nil­di. Bu to­pa­ryň mej­lis­le­ri yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­ýär hem-de bar­ha köp ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gat­na­şyk­lar döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­le­re we oňyn ne­ti­je­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň esa­sy, kes­git­leý­ji şer­ti bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, di­ňe ge­çen ýy­lyň özün­de Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ara­syn­da bäş du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Ola­ryň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge we pug­ta­lan­dyr­ma­ga öza­ra gy­zyk­lan­ma­lar tas­syk­la­nyl­dy, onuň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da Mosk­wa­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry ta­ra­pyn­dan stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma gol çe­kil­me­gi ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Bi­le­lik­dä­ki iş­ler mun­dan beý­läk-de gi­ňel­di­ler
Soň­ky wagt­lar­da ener­ge­ti­ka, ulag, önüm­çi­lik koo­pe­ra­si­ýa­sy ýa­ly ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di. Gaz, ne­bit we elekt­roe­ner­ge­ti­ka top­lum­la­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Şun­da “Tat­neft” we “Gazp­rom” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň türk­men ba­za­ryn­da bar­ha art­ýan iş­jeň­li­gi­ne üns çe­kil­di. Ne­bit­gaz pu­da­gyn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­gi ugur edi­nil­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Hä­zir­ki wagt­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da Ma­ry­nyň döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny hem-de Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň ýy­ly­lyk elekt­rik mer­ke­zi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri­ne “Si­lo­wy­ýe ma­şi­ny” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni çek­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň üs­tün­de iş­le­nil­ýär. Ulag we lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar, şun­da de­mir ýol we gä­mi­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn ile­ri tu­tul­ýan ug­ra öw­rül­ýär. Şun­da gür­rüň, oza­ly bi­len, De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si­niň gün­do­gar ug­ry bo­ýun­ça he­re­ket et­me­gi ba­ra­da bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da rus­si­ýa­ly hyz­mat­daş­lar hu­su­san-da, Rus­si­ýa­nyň de­mir ýol­la­ry kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­dä­ki iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ge­çen ýy­lyň des­lap­ky jem­le­ri bo­ýun­ça Rus­si­ýa­dan Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­ri­niň üs­tün­den se­bi­tiň beý­le­ki ýurt­la­ry­na ge­çi­ril­ýän ýük gat­naw­la­ry­nyň 4 es­se ar­tan­dy­gy, ýo­kar­da gör­ke­zi­len ug­ruň çäk­le­rin­de kon­teý­ner­le­ri ge­çir­me­giň bir­nä­çe ge­zek ar­tan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Ha­zar deň­zin­de lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da Türk­men­ba­şy — Ast­ra­han we Türk­men­ba­şy — Ma­haç­ka­la port­la­ry­nyň ugur­la­ry bo­ýun­ça bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da gat­naw­la­ryň do­ly möç­ber­de he­re­ke­te ge­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy. Öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan, tu­tuş­ly­gy­na iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ryn­da türk­men ta­ra­py­nyň Ast­ra­han­da­ky “Lo­tos” aý­ra­tyn yk­dy­sa­dy zo­la­gy­nyň işi­ne gat­naş­ma­gy üçin oňyn müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Gä­mi gur­lu­şy­gyn­da “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk za­wo­dyn­da söw­da mak­sat­ly gä­mi­le­ri gur­mak­da anyk ne­ti­je­le­re çyk­ma­ga müm­kin­çi­lik­ler bar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň ýur­du­my­zyň söw­da flo­ty üçin Rus­si­ýa­nyň gä­mi­gur­lu­şyk za­wod­la­ry­na bu­ýur­ma­la­ry ber­mek ba­ra­da­ky tek­li­be ga­ra­ma­ga taý­ýar­dy­gy be­ýan edil­di. Bu ugur­da ýe­ter­lik tej­ri­be top­lan­dy.
Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da ho­wa gat­naw­la­ry­nyň di­kel­di­len­di­gi­ni hem-de tä­ze ugur­la­ryň açy­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek di­ýip, wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy sö­zü­ni do­wam et­di. Bi­ziň ýur­du­my­zyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri bi­len gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gy­na hem-de ös­dür­me­gi­ne döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk­da mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy, Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri, Ast­ra­han ob­las­ty bi­len ne­ti­je­li hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry eme­le gel­di. Hä­zir­ki wagt­da Rus­si­ýa­nyň bir­nä­çe beý­le­ki se­bit­le­ri, hu­su­san-da, Çel­ýa­binsk, Swerd­lowsk we Or­ýol ob­last­la­ry hem Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler, biz mu­ny gol­da­ýa­rys. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, RF-niň se­bit­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we işe­wür to­par­la­ry bi­len bu me­ýil­na­ma­la­ry anyk ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­lyk tas­syk­la­nyl­dy.
Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Rus­si­ýa­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan bu ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi­ne, şol san­da hal­ka­ra koo­pe­ra­si­ýa ug­ry bo­ýun­ça gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan bu ugur­da­ky iş­le­re gat­naş­ma­gy, hu­su­san-da, teh­no­park­la­ry, IT hem-de Hi-Teсh mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da çä­re­le­re go­şu­lyş­ma­gy ugur edin­ýär.
Yn­san­per­wer ul­gam döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň üýt­gew­siz ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam yzy­gi­der­li esas­da ös­dü­ril­ýär. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz ta­ry­hy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da däp bo­lan dost­lu­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne yg­rar­ly­dyr­lar. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­ny yzy­gi­der­li alyş­mak işi, öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri we beý­le­ki çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Mosk­wa­nyň Uly döw­let sir­ki­niň ar­tist­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da ýa­kyn­da gu­ra­lan hem-de üs­tün­lik­li ge­çen çy­kyş­la­ry mu­nuň my­sa­ly­dyr.
Bi­lim ul­ga­myn­da oňyn ösüş­ler äş­gär gö­rün­ýär. My­sal üçin, hä­zir­ki wagt­da Rus­si­ýa­da Türk­me­nis­tan­dan, tak­my­nan, 30 müň ta­lyp bi­lim al­ýar. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň iri ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Bu ugur­da gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­lyk be­ýan edil­di. Türk­me­nis­tan­da rus me­de­ni­ýe­ti­ni we rus di­li­ni döw­let de­re­je­sin­de gol­da­mak işi ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýur­du­myz­da rus di­lin­de oka­dyl­ýan umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň 71-si he­re­ket ed­ýär, okuw, yl­my, çe­per ede­bi­ýat we dö­wür­le­ýin ne­şir­ler çap edil­ýär. Aş­ga­bat­da 2002-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket ed­ýän A.S.Puş­kin adyn­da­ky umu­my or­ta bi­lim ber­ýän bi­le­lik­dä­ki türk­men-rus mek­de­bi hem-de 2018-nji ýy­lyň maý aýyn­da Ast­ra­han ob­las­tyn­da açy­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy adyn­da­ky or­ta mek­dep bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da bi­le­lik­dä­ki Türk­men-rus uni­wer­si­te­ti­ni aç­ma­gyň tas­la­ma­sy bu ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­ny aç­ma­ga ýar­dam be­rer. Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýö­ri­te iş to­pa­ry dö­re­dil­di. Ol rus­si­ýa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň hu­kuk we gu­ra­ma­çy­lyk bin­ýa­dy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, türk­men ta­ra­py Aş­ga­bat­da A.S.Puş­kin adyn­da­ky Döw­let rus dra­ma te­at­ry­nyň tä­ze bi­na­sy­ny gur­mak ha­kyn­da çöz­gü­di ka­bul et­di.
Wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge hem-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry üçin rus­si­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ra ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, şu ge­zek­ki fo­ru­myň bu ugur­da­ky iş­le­re oňyn tä­sir et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Türk­men ba­za­ryn­da 200-e go­laý rus kom­pa­ni­ýa­sy iş­le­ýär
Öz no­ba­tyn­da, Rus­si­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­ha­il Mi­şus­tin fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra we onuň myh­man­la­ry­na ýüz­le­nip, hä­zir­ki wagt­da äh­lu­mu­my ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry tä­ze­den ýo­la goý­mak ýag­da­ýy­nyň do­wam ed­ýän­di­gi­ni bel­läp, Mi­ha­il Mi­şus­tin hä­zir­ki döw­rüň di­ňe bir uly we­him­le­riň däl-de, tä­ze müm­kin­çi­lik­le­riň, oza­ly bi­len, dür­li ul­gam­lar­da öz­baş­dak­ly­gy, şol san­da yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, teh­no­lo­gik öz­baş­dak­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan wag­ty­dy­gy­ny aýt­dy. Ol çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Rus­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny gys­ga­ça hä­si­ýet­len­dir­di. Ol, umu­man, dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­lan­ýar, iş­jeň ös­dü­ril­ýär.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Rus­si­ýa­da Türk­me­nis­tan bi­len dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na tüýs ýü­rek­den buý­sa­nyl­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, hä­zir­ki wagt­da iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň bir mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýe­ten­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Myh­man yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aý­dyp, öza­ra koo­pe­ra­si­ýa­ny gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­ly­gy hem-de bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma­ny tas­syk­la­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, türk­men te­le­ke­çi­le­ri öz ön­dür­ýän ýo­ka­ry hil­li hem-de bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri bi­len Rus­si­ýa­dan çy­kyp gi­den da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan soň­ra bo­şan kä­bir boş­luk­la­ry eýe­läp bi­ler­ler. Hu­su­san-da, ha­ryt akym­la­ry­ny gi­ňelt­mek, bi­le­lik­dä­ki önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, hä­zir­ki za­man se­na­gat, ener­ge­ti­ka, ulag des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy ýa­ly ugur­lar­da müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Rus­si­ýa­nyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň Ýew­ro­pa ug­run­da işe­wür­lik üçin päs­gel­çi­lik­le­riň ýü­ze çy­kan­dy­gy se­bäp­li, dost­luk­ly ýurt­lar­da öza­ra bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi ugur edin­ýän­dik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň hem şol ýurt­la­ra de­giş­li­di­gi nyg­tal­dy.
Işe­wür­lik mas­la­ha­ty­na Rus­si­ýa­nyň köp san­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­naş­ýar­lar hem-de olar hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dyr­lar di­ýip, Mi­ha­il Mi­şus­tin sö­zü­ni do­wam et­di we Rus­si­ýa bi­len Türk­me­nis­ta­nyň bi­rek-bi­rek üçin he­mi­şe yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lar bo­lan­dyk­la­ry­na, şeý­le bo­lup hem gal­jak­dyk­la­ry­na aý­ra­tyn üns çek­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, ge­çen ýyl iki ýur­duň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň, şeý­le hem dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma gol çe­kil­me­gi­niň 20 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­ni­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu ýyl­la­ryň için­de bi­le­lik­dä­ki iş­ler dür­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­di hem-de hä­zir­ki wagt­da tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýar.
Myh­man çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Pre­zi­dent­ler Wla­di­mir Pu­ti­niň we Ser­dar Berdimuhamedowyň ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da Mosk­wa­da gol çe­ken stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma­nyň, şeý­le hem bag­la­şy­lan tä­ze yla­la­şyk­la­ryň, şol san­da oba ho­ja­lyk we söw­da, bank, mag­lu­mat, ulag ul­gam­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar bo­ýun­ça, se­bi­ta­ra koo­pe­ra­si­ýa­ny pug­ta­lan­dyr­mak ha­kyn­da yla­la­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Türk­men ba­za­ryn­da Rus­si­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da 200-e go­laý kom­pa­ni­ýa­nyň iş­le­ýän­di­gi hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­niň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, dok­ma se­na­ga­ty, ma­şyn­gur­lu­şyk pu­dak­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.
Se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­di­gi bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iri tas­la­ma­lar, şol san­da tep­lo­woz­la­ry, ýük aw­tou­lag­la­ry­ny, oza­ly bi­len, “Ka­mAZ” aw­tou­lag­la­ry­ny iber­mek bi­len bag­ly tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Bu iş­ler öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da, iki ýur­duň gur­lu­şyk meý­dan­ça­la­ry­ny peý­da­lan­mak ar­ka­ly ge­çi­ril­me­li­dir.
Hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şun­da Rus­si­ýa­nyň çe­me­leş­me­le­ri türk­men ta­ra­py­nyň ga­ra­ýyş­la­ry bi­len do­ly ga­bat gel­ýär. De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­me­giň üs­tün­de bi­le­lik­de iş­le­nil­ýär. Onuň do­ly kuw­wa­ty­na çy­ka­ryl­ma­gy işe­wür­lik üçin gel­jek­de dü­züm­le­ri, hyz­mat­lar we söw­da-lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­ni gur­mak, de­ňiz port­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly giň müm­kin­çi­lik­le­ri açar.
Ha­zar deň­zi­niň gün­do­gar ke­na­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça aw­tou­lag ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­ny gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zip, Mi­ha­il Mi­şus­tin Ha­zar­da Rus­si­ýa­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň de­ňiz port­la­ry­nyň ýük do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­ma­gyň, de­mir ýol lo­ko­mo­tiw­le­ri­niň, ýük we ýo­lag­çy wa­gon­la­ry­nyň ibe­ril­me­gi­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy ba­ra­da­ky pi­ki­ri aýt­dy.
Rus­si­ýa­nyň se­bit­le­ri bi­len gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Sankt-Pe­ter­burg, Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy, Ast­ra­han ob­las­ty, umu­man, Rus­si­ýa­nyň 60-a go­laý sub­ýek­ti bi­len ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da aý­dyl­dy. Ola­ryň kö­pü­si bi­len dür­li ul­gam­lar­da yla­la­şyk­lar bag­la­şyl­dy.
Myh­man Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­ziň ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin iş­jeň ta­gal­la et­jek­di­gi­ni aý­dyp, RF-niň Hö­kü­me­ti­niň hem-de karz-eks­port gol­da­wy bo­ýun­ça döw­let eda­ra­la­ry­nyň te­le­ke­çi­le­re gol­daw ber­mä­ge, türk­men kär­deş­le­ri bi­len bi­le­lik­de güm­rük, we­te­ri­nar we ösüm­lik­le­ri ge­çir­me­giň gö­zeg­çi­lik ka­da­la­ry­ny, işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri üçin wi­za düz­gü­ni­ni ýö­ne­keý­leş­dir­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ra­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di.
Şeý­le hem Mi­ha­il Mi­şus­tin Türk­me­nis­ta­nyň we­kil­le­ri­ni Rus­si­ýa­da şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len iri çä­re­le­riň bir­nä­çe­si­ne, hu­su­san-da, “Rus­si­ýa — Ys­lam dün­ýä­si” hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na, GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň, Ýew­ra­zi­ýa hö­kü­me­ta­ra ge­ňe­şi­niň mej­lis­le­ri­ne, “Ýew­ra­zi­ýa — bi­ziň öýü­miz” koo­pe­ra­si­ýa tas­la­ma­la­ry­nyň ser­gi­si­ne, Ýew­ra­zi­ýa kong­re­si­ne, Pe­ter­burg hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.

Iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­ki­ler
Şu gün hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny hem-de gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň me­ýil­na­ma­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, hu­su­sy dü­züm­le­ri­niň, işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem Türk­men-rus we Rus-türk­men işe­wür­ler ge­ňeş­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­ni ge­çir­mek, te­le­ke­çi­lik to­par­la­ry­nyň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Rus­si­ýa­nyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üçin “Rus­si­ýa­nyň söw­da öýi” söw­da-ser­gi meý­dan­ça­sy­ny aç­mak çä­re­si hem me­ýil­leş­di­ril­ýär.