5-9-njy oktýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty bölüminiň talyplaryndan ybarat döredijilik topary, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň guramagynda Gazagystan Respublikasynyň Türkistan şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşdy.

Ýurdumyzyň talyp ýaşlary bu halkara festiwala Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ş.Salyhowyň eseri esasynda, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy M.Handurdyýewiň sahnalaşdyran «Bedew sarpasy» eseri bilen gatnaşdylar.
Halkara teatr festiwalyna türkmen ýaşlary bilen birlikde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyz hem-de Türkiýe Respublikasyndan talyplar teatrlarynyň jemi 6-syndan döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Festiwala Türkmenistandan emin agzasy hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti A.Gurbanow gatnaşdy.
Festiwalyň baş baýragyna Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky halkara gazak-türk uniwersitetiniň aktýorçylyk sungaty bölüminiň talyplarynyň döredijilik topary mynasyp boldy. Halkara talyplar teatr festiwalynyň emin agzalary türkmen ýaşlarynyň görkezen sahna oýnunyň sungat kämilligine aýratyn baha berdiler. «Bedew sarpasy» atly spektakl Türki dünýäsiniň talyplar teatrlarynyň IV halkara festiwalynyň «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna oýny» atly ýörite baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de ýurdumyzyň talyplar teatr topary halkara festiwalyna gatnaşandygy üçin, halkara festiwalynyň Kubogyna, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň hem-de Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky halkara gazak-türk uniwersitetiniň Hormat hatyna mynasyp boldular.
Türkmen talyp ýaşlarynyň teatr sungaty festiwalynda behişdi bedewlerimizi wasp eden sahna eseri türkmen halkynyň ruhy dünýäsini giňden dabaralandyrýan baý mazmunly sahna eseri hökmünde tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm