Ussat artistlerdir režissýorlarynyň ençemesi teatr we kino sungatyna ykballaryny baglap, özleriniň ýiti zehinleri, yhlas-başarnyklary bilen sahnada we mawy ekran arkaly janlandyrýan keşpleriniň özenine girip, halk köpçüliginiň sylag-hormatyna mynasyp bolmagy başarypdyrlar. Şeýle artistleriň biri bolan Türkmenistanyň halk artisti, türkmen teatr sungatynyň ägirdi Aman Gulmämmedowyň ömri we döredijiligi barada okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutan, onuň ösdürilmegine uly goşant goşan ilkinji halypalaryň biri bolan Aman aga bilen ilkinji gezek geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda görüşmek miýesser edipdi. Ol wagtlar baýry teatryň döredijilik topary her hepdäniň ýekşenbe güni gündiz sagat 11:00-da spektakllary bilen çykyş edýärdiler. Men şol wagtlar on ýaşymdadym, özümem Aşgabadyň bir çetinde ýerleşýän 8-nji orta mekdepde okaýardym. Biziň öýümiz teatrdan gaty bir uzakda-da däldi. Bir gün men teatra baranymda, orta ýaşlaryndaky ýüzleri gülüp duran adam teatra oýun görmek üçin baran çagalaryň ýanlaryna baryp, “Teatra oýun görmäge geldiňizmi, tüweleme, siziň onsoň, oýna tomaşa edeniňizden soň artist bolasyňyz gelýärmi?!” diýip ýüzlenýärdi. Ol bu soraglary maňa-da berip, meni birinji hataryň çetinde oturan ýaşuly adamyň ýanyna eltdi-de: “Aman aga, ynha, şu oglanjyk teatra köp gatnaýar welin, şundan artist çykaýmagy ahmal, siz şuňa nähili garaýarsyňyz?!” diýip ýüzlendi. Ak saçy ýokaryk gaňtarylan, ýüzi gülüp duran nurana ýaşuly maňa elini uzadyp salamlaşdy-da: “Bu oglanjykdan artistem çyksa çykar welin, bu hökman sungat işgäri bolup ýetişer” diýdi.
Güler ýüzli nurana adamyň şol aýdan sözleri häli-häzirlerem meniň kalbymdan we aňymdan gidenok. Soň görüp otursam meni ýaşulynyň ýanyna elten adam Türkmenistanyň at gazanan artisti Gündogdy Hakgyýew, maňa maslahat beren ýaşuly bolsa teatryň şol wagtky ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow eken. Şondan soň mende hökman artist bolup, sahnada çykyş ederin diýen arzuw döräpdi.
Indi şol teatr Talyplar teatryna öwrülip, onuň faýesinde şol halypalaryň portretleri asylgy dur. Men her gezek Aman aganyň portretine seredenimde çagalykda bolup geçen şol waka göz öňümde peýda bolýar. Olaryň teatryň sahnasynda ýaşap, özlerine tabşyrylan keşpleri çyn ýürekden janlandyryşlary meniň göz öňümden birin-birin geçip başlaýar. Bu ýagdaý şol halypa artistleriň näderejede ussat bolandygyna, kärlerine ýürekden ýapyşýandyklaryna şaýatlyk edýär. Guýmagursak ýiti zehini bilen döreden keşpleri arkaly meşhurlyga eýe bolan, köpleriň halypasy Aman Gulmämmedow şeýle belent derejelere nädip ýetdikä? Muny bilmek her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek?!
Beýik daglaryň düýbünde ýerleşýän Ýylgynkäriz atly kiçijik obada dünýä inen Amanyň çaga kalbynda adamlara şatlyk duýgusyny kim oýardyka? Amanyň kakasy wagtal-wagtal gyrgy tüýdükde saz çalar eken. Belki, ol kakasynyň şol sazlarynyň hoş owazyndan täsirlenendir. Amanyň adamlar bilen köpräk gürrüňdeş bolasy, çeper eserleri okasy geler eken. Şol wagtlar Amanlara Salyr bagşy ýygy-ýygydan gelip, saz çalyp, aýdym aýdyp hezil beripdir. Aman bolsa kakasynyň gapdalynda oturyp, şol aýdym-sazlary ürç edip diňläpdir. Şol aýdylan aýdymlar, çalnan sazlar ýaş oglanyň beýnisine ornan bolmaly, onda şolar ýaly adamlara şatlyk paýlamak höwesi döräpdir. Aman entek dogduk obasynda çopançylyk edip ýörşüne dünýägaraýşyny giňeltmegiň, hökman okuw bilen ymykly meşgullanmagyň arzuwy bilen ýaşapdyr. Aman geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda Gökdepedäki mekdep-internatda az salym okanyndan soň, ylym-bilime ýykgyn eden ýigdekçäniň köp okasy, gün-günden öňünde açylyp barýan ylym dünýäsiniň çuňňur syrlaryna aralaşasy gelipdir. Şondan soň Aman Aşgabada gaýdýar we suratkeşlik ugrundan okuwa girýär. Emma bu okuwy başarmajakdygyna gözi ýeten Aman mehaniki tehnikumda okap başlaýar. Ol tehnikumda hereket edýän drama gurnagyna höwes bilen gatnaýar. Emma ýüregi diňe tomaşaçy küýseýän ýetginjek şol wagt paýtagtda ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň ýanyndaky türkmen teatr studiýasynyň açylandygyny eşidip şol ýerde okap başlaýar. Soňlugy bilen, türkmen drama teatrynyň açylmagy bolsa Aman Gulmämmedowyň artist hökmünde ykrar edilmegine getirýär. Meşhur sahna hem kino ussady özüniň manyly ömrüniň dowamynda iki ýüzden hem gowrak keşbi ussatlarça döredip, talapkär tomaşaçylara hödürleýär. Gogolyň “Derňewçi”, Şekspiriň “Otello”, Güseýin Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasy” sahna oýunlaryndaky üç sany biri-birine meňzemeýän keşpleri Aman agasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. 1955-nji ýylda şol spektakllar Moskwa şäherinde geçirilen festiwallarda tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar we teatr tankytçylary tarapyndan oňat baha mynasyp bolýar. Aman aga bolsa ýokary sylag bilen sylaglanýar. Aman Gulmämmedow ýarym asyrdan gowrak wagtlap Mollanepes teatrynda diňe bir artist hökmünde däl, eýsem, başarjaň ýolbaşçy, janypkeş režissýor hökmünde işlemek bilen, Türkmenistanyň halk artistleri Ata Alowowyň, Welmyrat Amanowyň, Abdylla, Tylla Ýakubowlaryň, Orazgül Abbasowanyň, Muhammet Bekiýewiň, Enejan Orazmyradowanyň we başga-da ençeme artistleriň kämilleşmeginde we belent sepgitlere ýetmeklerinde uly işler bitiripdir.
Aman aganyň şägirtleriniň biri, häzirki wagtda ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda döredijilikli zähmet çekip ýören Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowa halypasyny ýatlap şeýle diýdi:
– Aman aga meniň hem halypam, hem mugallymymdy. Ol ençeme ýyllap türkmen drama teatryna ýolbaşçylyk etdi. Ol teatryň ýolbaşçysy bolsa-da artistleri ugrukdyryjy wezipesinem alyp barýardy. Aman aga bilen Galpak Herräýew, Bazar Amanow dagylar 1926-njy ýyldan 1929-njy ýyl aralygynda açylan ilkinji üç ýyllyk türkmen teatr studiýasynda okap, baýry teatr bolan Mollanepes teatrynda zähmet ýoluna başlaýarlar. Şonuň üçinem olar türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutan halypalar hökmünde tanalýar. Aman aga bilen maňa birnäçe spektakllarda keşp janlandyrmak bagty miýesser etdi. Hydyr Derýaýewiň “Ykbal”, Güseýin Muhtarowyň “30-njy ýyllar”, Gogolyň “Derňewçi” spektakllarynda men käte onuň gyzy, käte-de gelni bolup çykyş edýärdim. Aman aga teatryň abraýy üçin köp zähmet çekipdi. Ol hatda teatrda sahnalaşdyrylýan spektakllaryň hemmesine öz teklibini hödürläp, režissýorlara özüniň tejribesinden öwüt-ündewler berip durardy. Ol teatryň ýolbaşçysy bolup işlände režissýor hökmünde spektakllary sahnalaşdyrýardy. Aman aganyň sahnalaşdyran “Wýetnam gelni” hem-de “Murgabyň kenarynda” atly spektakllary teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy. Ol “Wýetnam gelni” atly spektaklyny sahnalaşdyranda baş gahryman Sau atly gyzyň keşbini janlandyrmagy maňa ynanypdy. Bu bolsa meniň üçin uly bagtdy. Men halypamyň ynamyny ödemek üçin şol keşbiň üstünde gije-gündiz işläp, halypamy razy edipdim. Men Aman agadan köp zat öwrendim. Şol öwrenen zatlarym bolsa häzirki güne çenli meniň döredijiligime ýagty saçyp gelýär. Ondan öwrenere zat kändi. Sebäbi ol teatr sungatynyň ägirdidi. Biz ýaly ýaş artistlere irmän-arman öz tejribesinden öwrederdi, öwüt-nesihat bererdi. Mollanepes teatryna ilki Aman aganyň inisi Maşdy Gulmämmedow ýolbaşçylyk edýärdi. Ondan soň ýolbaşçy bolup Aman aga işläp başlady. Bizi bir guwandyrýan zat, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine goýýan sarpalary, öten-geçen halypalarymyzy ýatlamaga mümkinçilik döredýändikleri. Köpleriň halypasy Aman Gulmämmedowyň ýaşan jaýy hem öý muzeýi hökmünde hereket edip gelýär. Medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Türkmenistanyň halk artisti, köpleriň halypasy, sahna ussady Aman Gulmämmedowyň halkymyzyň öňünde, Watanymyzyň öňünde, teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, döwletimiz tarapyndan Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly at dakylyp, döwlet baýraklary, birnäçe orden-medallar bilen sylaglandy. Arkadag şäherindäki drama teatryna Aman aganyň adynyň dakylmagy bolsa döwletimiz tarapyndan sylag-sarpasynyň bimöçberligine güwä geçýär.
Teatry ikinji öýi hasaplan Aman aga dünýä belli awtorlaryň eserlerindäki iň kyn keşpleri gözläpdir, şolar bilen öz sungatyny baýlaşdyrasy gelipdir. Ol hemişe gözlegde bolupdyr. Gözlän zadyny tapýanam eken, döredýänem eken. Onuň sungat başlangyçlary, iş tejribesi teatryň dörediji topary tarapyndan öwrenilip dowam etdirilýär.
Aman aga türkmen kino sungatyna-da özüniň saldamly goşandyny goşýar. Onuň “Allan aganyň maşgalasy” atly filmdäki baş gahrymany kino muşdaklary we halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alnan keşp bolupdy. Aman Gulmämmedow beýik ynsanlaryň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň milli teatr hem kino sungatynyň, medeniýetiniň, türkmen halkynyň buýsanjy bolup, ady asyrlarboýy ýaşar. Aman aganyň Myrat hem Baýram atly ogullary, agtyklarydyr çowlyklary, şonuň ýaly-da şägirtleri ony hemişe ýagşylykda ýatlaýarlar. Çünki ýagşy adam ýatdan çykmaýar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň hünärmeni.