Romexpo S.A. atly rumyn kompaniýasy türkmen telekeçilerini 29-njy maýdan 1-nji iýuna aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki “Romexpo” sergi we ýapyk arena merkeziniň C2 pawilýonynda geçiriljek TIBCO-2025 halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar. Çäräniň maksady eksport mümkinçiliklerini görkezmek we halkara işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybarat.
TIBCO sergisi (“Targul international de bunuri de larg consum”) adatça halkara söwda ulgamyndaky öňdebaryjy kompaniýalary birleşdirýär we işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özboluşly platforma hödürleýär. 2024-nji ýylda geçirilen sergä türkmen telekeçileri ilkinji gezek gatnaşyp, Rumyniýada milli senagat mümkinçiliklerini görkezdiler. Şu ýyl has giňişleýin wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergä gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän telekeçiler Romexpo S.A.-nyň resmi sahypasyndan ýüz tutup biler.
Çeşme:tstb.gov.tm