21-nji fewralda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Işewürler Dialogy geçirildi.
Dialogyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýadaky Ilçileri, Merkezi Aziýa döwletleri bilen döredilen Ykdysady komitetleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Dialogda çykyş edip, iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada habar berdi we çärä gatnaşan kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.
PDF









