24-nji ýan­war­da Daş­ken­de, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­na (ECO) ag­za ýurt­la­ryň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri Ge­ňe­şi­niň (CMFA) 26-njy mej­li­si­ne gat­naş­dy.
Bu çä­rä ag­za döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­lar, se­bit ins­ti­tut­la­ry we ECO-nyň de­giş­li gu­ra­ma­la­ry gat­naş­dy.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar söw­da, ma­ýa go­ýum­la­ry, ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet, san­ly­laş­dyr­ma, ener­ge­ti­ka, azyk howp­suz­ly­gy, eko­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy we ulag ugur­la­ry bo­ýun­ça se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň köp san­ly me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, ECO gi­ňiş­li­gin­de yk­dy­sa­dy ösü­şiň tä­ze ýol­la­ry­ny göz­le­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ral­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da Ge­ňeş 2023-nji ýyl üçin iş me­ýil­na­ma­sy­ny we ECO -nyň wa­ka­lar se­ne­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy, sek­re­ta­ria­tyň we ECO-nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­le­ri ba­ra­da­ky ha­sa­bat­lar ka­bul edil­di, gu­ra­ma­nyň tas­la­ma iş­le­ri­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­ler taý­ýar­la­nyl­dy, 2023-nji ýyl üçin býud­jet tas­syk­lan­dy we Öz­be­gis­ta­nyň ECO-da baş­lyk­ly­gy­nyň ne­ti­je­le­ri jem­len­di.
R.Me­re­dow öz çy­ky­şyn­da “ECO üçin 2025-nji ýy­la çen­li gö­rüş” we “Aş­ga­bat he­re­ket­ler yla­la­şy­gy” ýa­ly kon­sep­tu­al res­mi­na­ma­la­ryň gu­ra­ma­nyň tä­ze ha­ky­kat­la­ra uý­gun­laş­mak üçin berk plat­for­ma öw­rü­len­di­gi­ni, ýa­kyn gel­jek üçin bi­le­lik­dä­ki iş­ler üçin anyk gör­kez­me­le­ri be­ren­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ECO-nyň çä­gin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça ýur­duň ga­raý­şy­ny hö­dür­le­di, şeý­le hem Türk­me­nis­tan­dan ECO-nyň mun­dan beý­läk­ki ösüş stra­te­gi­ýa­sy ba­ra­da tek­lip­le­ri hö­dür­le­di.
Hu­su­san-da, ulag we lo­gis­ti­ka­ny çalt ös­dür­me­giň, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň, “in­teg­ra­si­ýa ko­ri­dor­la­ry­ny” dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len önüm­çi­lik li­ni­ýa­la­ry­ny dö­ret­mek ar­ka­ly önüm­çi­lik hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­giň, ser­he­ta­şa we se­bit­le­ýin söw­da müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, äh­mi­ýe­ti ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­lik pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­me­giň, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ta­gal­la­la­ry­na go­şul­ma­gyň, ECO-ny hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy ar­ka­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň konst­ruk­tiw mo­del­le­ri­ni ös­dür­mek ta­gal­la­la­ry­na bi­rik­dir­me­iň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.
Mi­nistr­ler Ge­ňe­şi­niň ne­ti­je­si bo­ýun­ça Daş­kent Be­ýan­na­ma­sy ka­bul edil­di.

***
Şol gün, ECO-nyň mi­nistr­ler Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne gat­naş­ma­gy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di.
R.Me­re­dow Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň we Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Mil­li Li­der Gurbanguly Berdimuhamedowyň mä­hir­li sa­lam­la­ry­ny we hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Du­şu­şyk­da 2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­ta­na döw­let sa­pa­ry­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň iň ýo­ka­ry de­re­je­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Öz­bek-türk­men gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da çuň­laş­dyr­ma­gyň, söw­da-yk­dy­sa­dy ugur­da, se­na­gat hyz­mat­daş­ly­gy, ulag we lo­gis­ti­ka, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň, se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer alyş-ça­lyş gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň gör­nüş­le­ri­ne se­re­di­lip ge­çil­di.
Gel­jek­ki du­şu­şyk­la­ryň we çä­re­le­riň ter­ti­bi­ne üns be­ril­di.
Şeý­le hem se­bit­le­ýin we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.