Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýaşlarynyň 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işlerini geçirýär. Bu ýurtlarda bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegi, olaryň halkara giňişligine açylmagyna we kämillik ýolunda giň mümkinçiliklere eýe bolmagyna şert döredýär. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegi ýaşlaryň daşary döwletlerde döwrebap bilim almagyna ýol açýar.
Hytaý ýokary tehnologiýalar, inženerçilik, halkara gatnaşyklary ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribe toplap, daşary ýurtly talyplar üçin ýerlerini köpeldýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman innowasion bilimi özleşdirip, geljekde ýurdumyza döwrebap tejribe getirmegine mümkinçilik berýär.
Wengriýa hem talyplar üçin amatly şertleri, baý ylmy mekdepleri we halkara derejeli mugallymlary bilen tanalýar. Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri lukmançylyk, gurluşyk inženerligi, oba hojalygy we sungat ýaly dürli ugurlarda oňat bilim berýärler.
Daşary ýurtlarda bilim almak diňe bir hünär taýýarlygyny däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, täze medeniýetler bilen tanyşdyrýar hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär.
Şeýlelikde, türkmen ýaşlaryna dünýä derejesindäki bilimden peýdalanmak, häzirki zaman başarnyklaryny ele almak we döwletimiziň ösüşine goşant goşmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Jennet TOŞŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









