6 – 10-njy iýun aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçen kuraş görnüşi boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 11 medal gazandylar. Çempionata 20 döwletden 200-e golaý türgen gatnaşdy.
Türkmen pälwanlary bu ýaryşyň 11 medalyna eýe boldular. Şolaryň biri altyn, galan onusy bolsa bürünç medallardyr. Aýşirin Haýdarowa zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazandy.
Erkekleriň arasynda: Serdar Babamyradow (60 kg) – bürünç medal; Döwlet Hemrakulyýew (66 kg) -bürünç medal; Mekan Pardabaýew (73 kg) – bürünç medal; Daýanç Omirow (81 kg) – bürünç medal; Ylham Kemalow (90 kg) – bürünç medal; Işanmyrat Ataýew (100 kg) – bürünç medalla eýe boldular.
Zenanlaryň arasynda bolsa: Rozymeňli Meýmanowa (52 kg) – bürünç medal; Nurana Hezretowa (63 kg) – bürünç medal; Sabina Kadyrowa (78 kg) – bürünç medal; Nursoltan Erniýazowa (87 kg) – bürünç medala eýe boldular.