Ýurdumyzyň ilkinji aragatnaşyk hemrasy ”TürkmenÄlem 52.0E” Kanaweral (Florida, ABŞ) burnundan 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde 23 sagat 03 minutda kosmos giňişligine uçuryldy. Türkmenistanyň buýurmasy bilen fransuz “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan gurlan kosmos gämisi, “Falcon 9” göteriji raketasy arkaly uçuryldy.
300-den gowrak ýokary hil ölçegli teleradiokanallar türkmen, iňlis, rus, türk, özbek, pars, puştu, dari, kürt dillerinde “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly Ýewropa, GDA we Ýakyn Gündogar döwletleriniň tomaşaçylaryna elýeterdir. Şeýle hem onlarça kompaniýa we döwlet edaralar maglumat alyş-çalyş hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2015-nji ýylda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlygynda, emeli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin döredildi. “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň giň we amatly ýapýan zolaklarynda wideoýazgylary ýaýratma, göni ýaýlym, korporatiw torlaryny gurnamak ýaly ýokary hilli hyzmatlary berýändigi üçin Ýakyn Gündogar sebitinde öňdebaryjy hemra operatory bolup durýar.
Çeşme: www.turkmenhemrasy.gov.tm