UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym final duşuşyklaryna badalga berlip, Londonda “Arsenal” topary Fransiýanyň çempiony “Pari Sen-Žermen” toparyny kabul etdi.
Çekeleşikli geçen oýnuň eýýäm 4-nji minutynda myhmanlar hasaby açdy. Hwiça Kwaresheliýanyň pasyndan soň, möwsümiň ýyldyzy Usman Dembele topy derwezä girizdi. Bu onuň 2025-nji ýyla geçip, klubdaky 25-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Duşuşygyň 1-nji ýarymynyň soňky 10 minutynda londonlylar hüjüm baryny etselerem, olara hasaby deňlemek başartmady.
2-nji ýarymyň başynda, 47-nji minutda “Arsenalyň” ispan oýunçysy Mikel Merino hasaby deňledi. Ýöne VAR-yň seljermesinden soň, gol ofsaýd bolany üçin hasaba alynmady. 56-njy minutda Trossaryň gol bolaýmaly urgusynda derwezeçi Donnarumma öz erjelligini görkezdi. Ol umumylykda duşuşykda 5 seýw bilen toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady. Oýnuň 85-nji minutynda PSŽ topary 2-nji goly-da geçirip bilerdi. Ýöne Gonsalu Ramuşyň urgusy derwezäniň ýokarky kese agajyna degdi.
Şunlukda, PSŽ Londondan 1-0 hasabynda ýeňiş bilen dolanyp, finala çykmak ugrunda ilkinji ädimi ätdi. PSŽ topary “Arsenalyň” 12 oýunlyk ýeňlişsiz seriýasyny tamamlady. Şeýle-de, parižliler topçulardan özara oýunlarda ilkinji gezek üstün çykmagy başardy. Mundan öňki 5 duşuşykda “Arsenal” ýeke gezek hem ýeňilmändi.
Iki topar şu möwsümde ýaryşyň liga tapgyrynda-da duşuşypdy we “Arsenal Hawerts we Sakanyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňipdi. Iki topar bu ýaryşyň çäginde 2016/17 möwsüminde toparçada duşuşypdy we şonda 2 oýun hem deňlikde tamamlanypdy (Londonda 2-2, Parižde 1-1). “Arsenal” bilen PSŽ ilkinji gezek 1993/94 möwsüminde şol wagtky UEFA Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýarym finalynda gabatlaşypdylar. Pariždäki oýunda ýeňiş gazanan bolman (1-1), Londonda “Arsenal” Kampbelliň ýeke-täk goly bilen ýeňipdi we finala çykypdy. Finalda-da “Parmany” ýeňen “Arsenal” UEFA-nyň ýaryşlaryndaky häzirlikçe ýeke-täk uly kubogyny gazanypdy.
Jogap duşuşygy 7-nji maýda Parižde oýnalar.