“Türkmenistan” awiakompaniýasy” 19-njy maýdan başlap, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat, Mary-Türkmenbaşy-Mary we Daşoguz-Türkmenbaşy-Daşoguz ugurlary arkaly amala aşyrylýan ýolagçy uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylandygyny habar berdi.
Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda şeýle bildiriş ýerleşdirildi:
Hormatly ýolagçylar!
2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap “Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ-niň Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat, Mary-Türkmenbaşy-Mary we Daşoguz-Türkmenbaşy-Daşoguz ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylýandygy we ozal resmileşdirilen awiabiletleri yzyna gaýtarmak ýa-da ugruny üýtgetmek boýunça Türkmenistandaky ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Sanly ulgam arkaly (Online) resmileşdirilen awiabiletleriňizi yzyna tutumsyz gaýtaryp, Awiakompaniýanyň resmi saýty turkmenistanairlines.tm we Türkmenistandaky ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup, täzeden Aşgabat-Balkanabat-Aşgabat, Türkmenabat-Balkanabat-Türkmenabat, Mary-Balkanabat- Mary we Daşoguz-Balkanabat-Daşoguz ugurlaryna awiabiletleri resmileşdirip bilersiňiz.
Şeýle-hem 2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap “Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ Aşgabat-Balkanabat-Aşgabat, Türkmenabat-Balkanabat-Türkmenabat, Mary-Balkanabat-Mary we Daşoguz-Balkanabat-Daşoguz ugurlary boýunça gatnawlaryň ýerine ýetirilip başlanýandygy barada Size habar berýäris.
Habarlaşmak üçin: 39-17-17, 23-03-18, 23-03-15, 37-84-52, 37-84-32