21-nji sentýabrda “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulaglar ministrliginiň demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
2019-njy ýylyň sentýabrynda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryna barabar bolan şertnama baglaşyldy, oňa laýyklykda, uzynlygy 30 kilometre deň bolan Akina – Andhoý demir ýoly çekiler. Şu güne çenli şertnamanyň çäklerinde “Türkmendemirýoltaslama” instituty tarapyndan zerur işler geçirildi.
“VICC VENCO-IMTIAZ Construction Company” kompaniýasy bilen umumy bahasy 10,5 million amerikan dollaryndan gowrak bolan kömekçi-potratçy şertnamasy baglaşyldy. 16 kilometr aralykda ýer düşegini we çäge-çagyl garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Demir ýoluň taýýar edilen ýer düşeginiň üstüne ballast daşyny düşemek we rels-şpal gözeneklerini gurnamak işine girişildi.
1,5 kilometr aralyga rels-şpal gözenekleri gurnaldy. Mundan başga-da, taslamada göz öňünde tutulan suw geçiriji desgalaryň 33-sinden 16-synyň gurluşygy tamamlandy.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gözleg işlerini geçirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak we tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak hem-de maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Täze polat ýoluň umumy uzynlygy 173 kilometre barabar bolar. Ýoluň ugrunda 4 sany demir ýol menzillerini, aragatnaşyk hem-de habardar ediji ulgamlaryny, beket meýdançasyny we beýleki desgalar gurmak meýilleşdirilýär. Halkara maliýe guramalary, şol sanda Aziýanyň ösüş banky we Yslam Ösüş banky bilen uzakmöhletleýin karz serişdelerini bermek hakynda gepleşikler geçirilýär.
Taraplar Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat polat ýollarynyň ähmiýeti barada aýdyp, olara täze logistiki ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli aralykda halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi hökmündäki ornunyň pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.