Hormatly Prezidentimiziň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, daşary döwletlerde hem giň meşhurlyga eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän eseri Bitarap Watanymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna rus, azerbaýjan, ukrain we gruzin dillerine terjime edildi.
Täze neşiriň çap edilmegi ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen ýylsaýyn berkeýän gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde hormatly Prezidentimiziň bitiren uly hyzmatlarynyň subutnamasyna öwrüldi.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap many-mazmuny boýunça döwlet Baştutanymyzyň ylmy we edebi işleri, maddy däl gymmatlyklary öwrenmek we wagyz etmek boýunça alyp barýan işleriniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Mähriban halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan ruhy ýörelgeleri düýpli öwrenip, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy maglumatlary seljerip, olary öz täze işinde bir ulgama saldy.
Ýokary çap ediş usulynda neşir edilen kitap dürli reňkli suratlar bilen bezelip, şol sanda resmi senenamalar bilen beýan edilip, okyjylaryň giň topary üçin niýetlenendir. Bu eser jemgyýetiň baýlygyna öwrülip, terjime edilen dilindäki ilat üçin uly ähmiýete eýe bolar.
Milli Liderimiziň beýleki dillere terjime edilen eseri mizemez dostluk we özara düşünişmek, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ruhy-medeni gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge bolan islegiň alamatydyr.