21-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiziň türk dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasyna sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkiýe Respublikasynyň görnükli ylmy işgärleri hem goşulyşdylar.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda umumydünýä ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan halkymyzyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan uly işleriň örän möhümdigi nygtaldy.
Şu ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap häzire çenli hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine terjime edildi.
Şunuň bilen baglylykda, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygy, iki ýurduň hemmetaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge tarap ýörelgelere ygrarlylygy dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň mizemez binýady bolup durýandygy bellenildi.
Yzygiderli geçirilýän medeni çäreler – konsertler, sungat eserleriniň sergileri, Türkiýäniň we Türkmenistanyň meşhur ýerine ýetirijileriniň çykyşlary, medeniýet işgärleriniň halkara maslahatlara we festiwallara, medeniýet günlerine gatnaşmagy ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýär.