Türkmenleriň durmuşy haly bilen baglanyşyklydyr. Onuň taryhy kökleri gadymyýete uzap gidýär. Haly gölleri ösüşiň uzak ýoluny geçmek bilen, halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, häzirki zaman türkmen döwletinde milli taýdan jebisleşdiriji nyşanlaryň birine öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen el halylarynyň gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserleri türkmen milli halyçylyk sungatymyzyň gadymy däplerini dünýä derejesinde wagyz etmek işine uly goşant goşdy.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
Häzirki döwürde halkymyzyň bütin dünýäde meşhur bolan halyçylyk sungatyny ösdürmäge, türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny aýawly saklamaga hem-de dikeltmäge, bu ajaýyp sungaty ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Türkmen halylarynyň täze nusgalary döredilýär.
Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çärelere we dabaralara beslenýär.
Aýgül SAPAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.