Her ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni dün­ýä­niň köp ýur­dun­da giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu hal­ka­ra baý­ram­çy­ly­gy il­kin­ji ge­zek 1925-nji ýyl­da ça­ga­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Bü­tin­dün­ýä kon­fe­ren­si­ýa­syn­da ka­bul edil­ýär. Ça­ga­lar gü­ni il­kin­ji ge­zek 1950-nji ýyl­da dün­ýä­niň 51 ýur­dun­da bellenilýär. Ça­ga­la­ryň me­se­le­le­ri­ne köp­çü­li­giň ün­sü­ni çek­mek, bu hal­ka­ra gü­nü­niň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. 1-nji iýun bü­tin dün­ýä­de äh­li ça­ga­la­ra go­ýul­ýan hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry bol­sa, 1959-njy ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ça­ga Hu­kuk­la­ry Jar­na­ma­syn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu Jar­na­ma­da ge­lip çy­ky­şy­na, mil­le­ti­ne, em­läk ýag­da­ýy­na, reň­ki­ne ga­ra­maz­dan, äh­li ba­bat­da ça­ga­la­ryň deň hu­kuk­la­ry­ yg­lan ed­ilýär. Bu se­ne ça­ga­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, ola­ryň howp­suz­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan dün­ýä­dä­ki ça­ga­la­ryň bäh­bi­di üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri güýç­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Baş As­samb­le­ýa bu baý­ram­çy­ly­gy her döw­le­tiň özü­ne la­ýyk ha­sap­la­ýan gör­nü­şin­de we öz ka­bul eden gü­nü­ne gö­rä bel­le­me­gi­ni tek­lip et­di. Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni bi­ziň ýur­du­myz­da hem giň ge­rim­de bel­le­nil­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da ça­ga­lar üçin uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär, ýaş nes­liň ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn be­den­li ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ça­ga­jyk­la­ryň ara­syn­da dür­li oýun­la­ra güý­me­nip wag­ty­my­zyň nä­dip ge­çe­ni­ni hem duý­man gal­ýan wagt­la­ry­myz bol­ýar. Gaý­gy-ala­daň bol­sa-da ça­ga­la­ryň ýa­ny­na ba­ra­nyň­da olar se­ni öz dün­ýä­si­ne al­ýar­lar we äh­li ala­da­la­ry­ňy bir pur­sat­lyk bol­sa-da unut­dyr­ýar­lar. Ça­ga­lar bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň iň esa­sy baý­ly­gy­dyr. Ça­ga­la­ryň go­rag­ly­ly­gy­ny we ola­ryň aba­dan ösü­şi­ni üp­jün et­mek bol­sa bi­ziň iň esa­sy mak­sa­dy­myz bo­lup dur­ýar. Ola­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, kä­mil ruh­ly we berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri bi­ziň her bi­ri­miz üçin der­wa­ýys­dyr. Çün­ki bi­ziň ýag­ty gel­je­gi­miz ýaş ne­sil­ler bi­len aý­ryl­maz bag­ly­dyr. Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de giň möç­ber­li da­ba­ra­lar we me­de­ni çä­re­ler giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň me­ka­ny bo­lan ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da ýaş nes­liň asu­da dur­muş­da aba­dan ýa­şa­ma­gy üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu baý­ra­myň bel­le­nil­me­gi­niň esa­sy se­bä­bi, ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, il­kin­ji no­bat­da ola­ryň ýa­şa­ýyş, bi­lim, dynç alyş hu­kuk­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň tä­ze bi­lim­le­ri ele al­mak­la­ry, dün­ýä­ga­raý­şy­ny gi­ňelt­mek­le­ri, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny aç­mak­la­ry, dö­re­di­ji­lik, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry, zäh­me­te uý­gun­laş­mak­la­ry üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. To­mus möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy bi­len mek­dep okuw­çy­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de, şol san­da aja­ýyp Gök­de­re­de, Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýo­ka­ry de­re­je­de dynç alyp bi­ler­ler, güýç-kuw­wat top­lar­lar. Bu iş­le­riň äh­li­si her bir ça­ga­nyň ala­da bi­len gur­şa­lyp alyn­ma­gy­ny öz içi­ne al­ýan we Wa­ta­ny­my­zyň gel­jek­ki ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­jak hem­me­ta­rap­la­ýyn bi­lim­li, ru­hy taý­dan sag­dyn, berk be­den­li ýaş ne­sil­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­re asu­da dur­mu­şy ke­pil­len­dir­mek ug­run­da ed­ýän ala­da­la­ry hem mu­nuň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si bo­lup dur­ýar. Bag­ty­ýar ça­ga­lar ba­ra­da ata­lyk ala­da­la­ry ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li tut­ýan tu­tum­la­ry he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Goý, eziz ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň gül­ki ses­le­ri be­lent ýaň­lan­syn!

Hurmagül An­na­gur­ba­no­wa,
Bä­her­den et­rap be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň baş­ly­gy, tä­lim­çi-mu­gal­lym.