Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawyna yzygiderli goşulýar. 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Botswananyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy munuň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Geçmişde ýow güni ýoldaş, toý güni hemdem bolan bedewleri pederlerimiz gözleriniň görejine deňäpdirler. Bedewiň eýer-esbaplaryny gymmatly şaý-seplere besläpdirler, ýüpek-parçalary örtüp, yssy-sowukdan gorapdyrlar. Dal bedewlerimiziň «gazygy kümüşden, ýol azygy iýmişden» bolupdyr. Bu hödürnamada «Atlary bezemek däplerine» orun berilmegi halkymyz tarapyndan at esbaplaryny taýýarlamagyň sungat derejesine ýetirilendigi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen halky atynyň gözel zynatyny amaly-haşam sungatynyň iň naýbaşy eserleri bilen bezäp, has-da görklendiripdir. Türkmen senetkärleriniň bedew üçin halydyr kilimden, keçeden sünnäläp taýýarlan esbaplary, altyndan-kümüşden bejeren şaý-sepleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenleriň arasynda bolan syýahatçylar, alymlar hem ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny, düşbüligini wasp etmek bilen birlikde, dokma we keçe önümlerinden ussatlyk bilen taýýarlanylan at esbaplarynyň nepisligini, gorag hökmünde tutýan möhüm ornuny belläp geçipdirler.
XIX asyryň altmyşynjy ýyllarynda ýurdumyzyň günbatar etraplaryndan Hywa geçip giden wenger alymy Arminiý Wamberi (1832-1913 ýý.) «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynda bu barada şeýle täsirli ýatlamalary galdyrypdyr: «Türkmenleriň atlaryna ideg edişi, gyşyň aýazydyr tomsuň yssy howasyndan goramak üçin olara ýapynjalary atýandygy wasp etmäge diýseň mynasypdyr. Türkmen ýigidiniň öz egin-eşikleri sadaja bolsa-da, atlaryny we eýerlerini sünnäläp bezeýişleri, bedewleriň syratly, inçe guýrukly, bedeniniň örän tekiz we ýalpyldap durşy haýran galdyrýar. Munuň düýp sebäbi atyň üstüne gyşda-da, tomusda-da birnäçe keçe ýapynjanyň atylmagyndadyr. Hakykatdan-da, ajaýyp türkmen bedewleri şeýle ünsli alada, hormat-sarpa mynasypdyr».
Türkmen bedewleriniň dürli öwüşginli dokma önümleri bilen bezelip, arzylanyp saklanyşy barada rus harby serkerdesi N.I.Grodekow ýatlamalarynda şeýle ýazýar: «Türkmenler ykjam we görmegeý geýinýärler, öýlerine haly, gülli keçe düşeýärler, bedew atlaryny bolsa iň owadan halydyr kilim, keçe önümleri bilen bezeýärler. Bu ýagdaý türkmeniň öz bedewini ähli zatdan eý görýändiginiň nyşanydyr».
Rus etnografy G.Ý.Markow türkmenleriň bedewlerini aýratyn alada bilen gurşaýandygy barada şeýle ýazýar: «Türkmenler öz çagalaryny eý görüp söýüşleri ýaly, bedewlerini-de mähir–mylakat bilen seýisleýärler. Diňe bir gyşda däl, eýsem, tomsuň yssy günlerinde hem aty tebigy täsirden goramak üçin tä gulagyna çenli ýörite taýýarlanylan keçe, haly esbaplar bilen basyrýarlar».
Şu ýerden görnüşi ýaly, pederlerimiz bedewi hemişe ünsden düşürmän, atyň esbaplaryna altyn-kümüş şaý-sepleri dakypdyrlar, deriden alagaýyşdyr jylaw, bilbagydyr nogta ýaly esbaplara hakyk daşyny oturdyp bezäpdirler. Gelin-gyzlarymyz bolsa dal bedewiň üstüni atkeçe, attorba, at horjuny, boýunbag, gözlük, gursakça, güdri güpjek, derlik, eýerlik ýaly halydyr kilim, keçe önümleri bilen bezäp, onuň görküni has-da artdyrypdyrlar.
Çitilip dokalýan at esbaplary berkligi we owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Ussat senetçiler çitme usulynda dokalýan haly önümleriniň nepis bolmagyny gazanmak üçin onuň erşini inçe ýüpekden ýüwürdipdirler.
Adatça, altyn-kümüş şaý-sepler bilen haşamlanýan eýeriň aşagyndan galyň gyrkylyp dokalan gursakçany geýdiripdirler. Eýeriň üstünden bolsa inçeden syk dokalan eýerlik ýapylypdyr. Ýumşajyk dokalan derlik uzak aralykda çapylyp, derläp gelen ata geýdirilipdir, ol atyň heniz ýel çalmanka çalt guramagyna ýardam edipdir.
Bedew esbaplarynyň owadan görnüşleriniň biri at torbalar dokma senediniň kakma usulynda dokalypdyr. Dokma senediniň öýdüme görnüşinde dokalan at esbaplarynyň arasynda basyryk at ýapynjasynyň örän arzylanýandygy mälimdir. Basyrygyň iç ýüzüne ýuka hem-de ýumşak keçe tutulypdyr. Ýapynjany çapylýan atlar derledilenden soňra, ýel çalmazlygy üçin hemme ýerini ýapyp durar ýaly bedewiň üstüne atýarlar hem-de sowaşýança gezdirýärler. At esbaplarynyň arasynda at köýnekçäniň dürli öwüşginli sapaklardan nagyş salnyp, örän nepis dokalýandygyny hem bellemek zerurdyr. Kilim önümleriniň bu görnüşi ýurdumyzyň ähli etraplarynda giňden ýaýrap, adatça, oňa «köýnekçe» nagşy öýdelýär. Bedewi amatsyz howa şertlerinden goramak üçin keçe ýapynjalar hem giňden peýdalanylypdyr. Atkeçäniň ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Atyň göwnejaý der çykarmagy üçin, sap ýüňden edilen dykyz atkeçe zerur bolupdyr, ol bolsa saryja goýnuň inçe ýüňünden egrilipdir». Görnüşi ýaly, atkeçe bir tarapdan, bedewi seýislemegiň täsin usulydyr, ikinji tarapdan, aty sagat saklamagyň tapylgysyz serişdesi bolup hyzmat edipdir. Saryja goýnuň saýlama ýüňünden taýýarlanýan atkeçäniň, juluň, basyrgynyň, halykdyr eýerligiň owadan seçekdir nagyşlar, gotazlar bilen bezelýändigini bellemelidiris.
Söweş günlerinde aty goramak üçin ýörite taýýarlanýan atkeçäniň bolandygy barada taryhy maglumatlar bar. Şeýle maksada hyzmat eden atkeçe bedewiň ýalyndan tä guýrugyna çenli ýapypdyr. Atyň guýrugyny okdan-urgudan goramak üçin bolsa ýörite keçe esbap taýýarlanypdyr.
Söweş atkeçeleri bedewiň ýörişine päsgel bermezligi üçin hem-de iki gapdalyny, arkasyny, boýnuny, döşüni we aýaklaryny örter ýaly, birnäçe böleklere bölünip tikilipdir, boýnundan, bilinden berk guşalypdyr. Ak ýüňden taýýarlanyp, onuň üstünden nagyşly ak mata çekilýän ýapynja «jul» diýilýär. Jul atyň üstüne, esasan, ýaz-güýz aýlarynda howanyň çigrek günleri gije, gyş aýlary bolsa gündiz hem ýapylypdyr.
Bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy esasda düýpli öwrenilýär we milli däpler inçeligi bilen dowam etdirilýär.
Ogulnabat GULLYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.
PDF









