Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada 23-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









