11-nji martda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde “British Education Network” (BEN), London uniwersiteti hem-de “AD Education UK”-nyň Direktorlar geňeşiniň başlygy professor Dewid Beýkeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen bu duşuşyk türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda 2024–2025-nji ýyllarda bilelikdäki amala aşyrylan taslamalaryň netijeleri, şol sanda şu aşakdakylar ara alnyp maslahatlaşyldy:
• Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerinde (THE Impact Rankings 2024, UI GreenMetric World University Ranking) ýokary baha almagy;
• “Accelerating English Language Learning in Central Asia” taslamasynyň çäklerinde iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullary boýunça okuw seminarlarynyň üstünlikli geçirilmegi;
• Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen onlaýn maslahatlaryň geçirilmegi.
Britan wekiliýeti “British International University Turkmenistan”-y döretmek boýunça taslamalary we London uniwersitetiniñ baý tejribesi barada giňişleýin maglumatlary hödürledi. “British Education Network” platformasy we 17 sany meşhur kolleji öz içine alýan, 40 ýurduň 100-den gowrak hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk edýän London uniwersitetiniň tejribesi hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk esas bolup durýar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu başlangyçlaryň bilim ulgamynda tejribeleriň alşylmagy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.