Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Bu gurama bilen gatnaşyklar dürli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dowamynda ÝHHG-niň esasy düzüm birlikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça degişli işler geçirildi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň 40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylar. Şeýle-de ykdysady we ekologiýa ugurlarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar meýilleşdirildi. Olaryň çäklerinde ylym we bilim, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamlarynda degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu barda 31-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.