29-30-njy aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilen mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirildi.
Geçirilen çäre bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň başlangyjy esasynda Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň umumy mejlisi geçirildi. Onda ählumumy derejede ICPD + 30 Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen köp ugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.
Bitarap Türkmenistan BMG-niň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalar, meýilnamalar hem-de milli we umumy bähbitlere kybap gelýän ugurdaş taslamalar şol köpugurly hyzmatdaşlygyň netijesidir. Muny aprel aýyndaky wakalar hem aýdyňlygy bilen görkezýär.
Şu ýylyň 9-njy aprelinde geçirilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025–2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlandy. Türkmenistanyň bu komissiýa saýlanmagy Bitarap döwletimize toplan tejribesini paýlaşmaga, bilelikdäki teklipleri we çözgütleri işläp taýýarlamaga hem-de kabul etmäge gös-göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ulag pudagydyr. Bu ugurda hem aprel aýynyň dowamynda iri çäreler guraldy. 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi. Ählumumy ulag gün tertibiniň meselelerini öňe sürmekde Türkmenistanyň işjeň orny durnukly ulagy ösdürmek çygrynda dünýä jemgyýetçiligi üçin wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilen ulag forumynda ulag infrastrukturasyny, aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmäge, bilermenleriň mümkinçiliklerini artdyrmaga we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak, multimodal ulag ulgamlaryny, ulag-üstaşyr geçelgelerini, halkara logistika merkezlerini ösdürmek we kämilleşdirmek babatda möhüm başlangyçlar öňe sürüldi.
Şeýle hem 16-njy aprelde BMG-niň baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işi ählumumy derejede ulag ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinden 24-nji apreline çenli döwürde ýurdumyzyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek pudagynda EKOSOS-yň forumyna gatnaşdy. Bu forum hem durnukly ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, ýurdumyz bilen BMG-niň arasynda alnyp barylýan giň gerimli hyzmatdaşlyk ynsanperwer ugurlarda hem netijeli dowam etdirilýär. 2024-nji ýylyň 29-30-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ilat ulgamynda gazanylan üstünlikler, sebitde hem-de dünýä derejesinde bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi.
Umuman, Türkmenistanyň halkara giňişlikde Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli goldanyp gelinýär. Şol teklipdir başlangyçlar esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak, oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde ygtybarly hyzmatdaşdygyny tassyklaýar.
Nabat MEZILOWA,
B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri.