Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «Ekspo-2025» Bütindünýä sergisi açyldy. Dünýäniň köp döwleti bilen bir hatarda ýurdumyz hem iri halkara sergide milli pawilýonyny açdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň pawilýony uly üstünliklere beslendi. Türkmen pawilýonyny synlamaga we tomaşa etmäge gelen myhmanlaryň sany 2 milliondan geçdi. Dünýäniň dürli döwletleriniň raýatlary «Ekspo-2025» sergisinde Türkmenistanyň parahatçylygyň mizemez köprüsi hökmünde mirasyna şaýat bolmak mümkinçiligine eýe boldular. Merkezi Aziýanyň ýüreginden gelen taryhy gymmatlyklar syýahatçylary özüne bendi etdi. Türkmen myhmansöýerligi bilen bezelip taýýarlanan tagamlar bolsa, myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Iki millionynjy myhman 30-njy sentýabrda bellige alyndy. Sergä gelýänleriň sanynyň yzygiderli artmagy, dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyza bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny görkezýär. Şeýlelikde, pawilýon diňe bir sergi merkezi bolman, eýsem, ýurdumyzyň häzirkizaman ösüş ýolunyň nyşany hökmünde hem çykyş edýär. Sergi meýdançasynyň bölümleri ýurdumyzyň ykdysadyýetini, innowasion mümkinçiliklerini, taryhy-medeni baýlygyny giňden açyp görkezýär. Iki milliondan gowrak adamyň baryp görülmegi bilen Türkmenistanyň milli pawilýony diňe bir sergi meýdançasynyň däl, eýsem, halkara medeni gatnaşyklaryň möhüm merkezleriniň birine öwrüldi.
Keramat HOJAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.