Türkmenistanyň daşary syýasaty halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlykda «Açyk gapylar» hem-de hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, dürli halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) we «Russiýa – Merkezi Aziýa» görnüşindäki sammitlerdir.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) 1991-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Bu birleşigiň döredilmeginiň esasy maksady gurama agza döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Guramanyň baş edarasy Minsk şäherinde ýerleşýär.
Türkmenistan GDA-nyň döredilen ilkinji döwründen başlap oňa gatnaşyjy ýurtlaryň biri bolup çykyş etdi. Ýöne ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Türkmenistan 2005-nji ýyldan bäri GDA-da assosirlenen agza ýurt hökmünde çykyş edýär. Bu ýörelge ýurdumyza arkalaşygyň ykdysady we medeni ugurlaryndaky işlerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan GDA-nyň çäginde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ykdysady we ulag-logistika ugurlaryny güýçlendirmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýär.
«Russiýa – Merkezi Aziýa» sammiti
«Russiýa – Merkezi Aziýa» sammiti ilkinji gezek 2022-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Bu duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň (Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan) gatnaşmagynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze formatydyr. Sammitiň maksady — sebitiň ykdysady, ulag, energetika, howpsuzlyk, medeni we ylmy ugurlarda gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagydyr.
Hormatly Prezidentimiz «Russiýa – Merkezi Aziýa» sammitleriniň işine yzygiderli gatnaşýar. Astanada geçirilen ilkinji sammitde döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şol teklipleriň arasynda sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, ulag we energetika infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmak, «Demirgazyk – Günorta» we «Günbatar – Gündogar» geçelgelerini utgaşdyrmak, gümrük we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, ylmy, medeni we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly ugurlar boldy.
Bu teklipler sebit ýurtlarynyň arasynda ykdysady we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan bu halkara we sebit formatlarynyň ikisine hem gatnaşygynda parahatçylykly diplomatiýanyň, bitaraplyk ýörelgesiniň hem-de açyk hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine berk eýerýär.
Bu gatnaşyklaryň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr: sebit durnuklylygyny üpjün etmek we özara ynanyşmak gurşawyny güýçlendirmek, ykdysady integrasiýany ösdürmek, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, ulag-logistika ulgamynda täze geçelgeleri döretmek, energetika hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we täze energiýa çeşmelerini işläp taýýarlamak, medeni, ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek.
Bu gatnaşyklaryň netijesinde Türkmenistan diňe bir sebitiň däl, eýsem, bütin dünýäniň parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş maksatlaryna hyzmat edýän möhüm halkara hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär.
Bägül ANNANEPESOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.