Türkmenistanyň sportuň gyşky görnüşleri Milli merkeziniň figuralaýyn taýmak bölümi konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň (The International Skating Union – ISU) doly derejeli agzalygyna kabul edildi. Degişli çözgüt ISU-nyň Geňeşiniň Ženewada (Şweýsariýa) geçen mejlisinde kabul edildi.

2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň assosirlenen agzasydy, bu oňa ISU-nyň her ýyl geçirilýän ýygnaklarynda ses bermek hukugyny bermeýärdi. Bu gurama doly derejeli agzalyga kabul edilmegi bilen Türkmenistan ISU-nyň Kongresinde ses bermäge we wezipelere dalaşgärleri teklip etmäge mümkinçilik aldy diýip meşhur Inside the Games neşiri ýazýar.

ISU-nyň bu çözgüdi, gürrüňsiz, 2006-njy ýylda Aşgabatda ilkinji Buz köşgüniň açylmagy bilen ornaşdyrylan milli figuralaýyn taýmagyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Häzir Türkmenistanda buz arenalarynyň bäşisi – biri Awazada we dördüsi Aşgabatda hereket edýär, olaryň iň ulusy 10 müň tomaşaça niýetlenendir.

ISU – sportuň figuralaýyn taýmak, konkili taýmak sporty we şort-trek ýaly konkili taýylýan görnüşlerini dolandyrýan iri halkara guramasy. Ol 1892-nji ýylda döredildi. 80 ýurt edarasy Lozannada (Şweýsariýa) ýerleşýän gurama agzadyr.