Şwesiýanyň Uppsala uniwersitetiniň fizikleri Ridberg atomlarynyň köpüsiniň döreden özboluşly “barmak yzlary” esasynda wagty ölçemegiň usulyny oýlap tapdylar. Onuň kömegi bilen iň gysga möhletli amallary düzedip bilmek mümkinçiligi döredildi.
Alymlaryň düşündirişine görä, wagty ölçemek üçin adaty çemeleşme, berlen iki nokadyň arasynda geçen wagt birlikleriniň sanyny deňeşdirmäge esaslanýar. Emma kwant derejesinde wagtyň başlangyç pursatyny ölçemek köplenç kyn, şeýle ýagdaýda hatda adaty aşa takyk sekundomer hem işlemeÿär.
Alymlar öz işlerinde wagty başlangyç nokady bolmazdan ölçemek üçin Ridberg atomlaryny ulandylar. Fizikleriň düşündirişine görä, olar howanyň ýerine lazer energiýasy bilen “çişirilen” şarlara meňzeýär.
Bilermenler birnäçe geliý atomyny lazer bilen herekete getirdiler we emele gelen tolkun şaryny kesiş netijelerini teoretiki çaklamalar bilen deňeşdirdiler. Synaglaryň bir topary, kwant möhletiniň bir görnüşi hökmünde hyzmat etmek üçin ýeterlik derejede hemişelik we ygtybarlydygyny görkezdi.
Alymlar täze usuly ulanyp, wagty 1,7 pikosekunt (sekuntyň trilliondan biri) takyklygy bilen ölçäp bildiler.
Güljahan Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









