Garaşsyzlygyny gazananyna 33 ýyl dolan Türkmenistan Watanymyz şol ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bu ösüşleriň has-da ilerleýändigi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilýändigi guwandyryjydyr.
Täze taryhy eýýamyň ilkinji günlerinden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» badalga berilmegi bilen, ägirt uly ösüş-özgertmeler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ösüş-özgertmeleriň, taryhy tutumlaryň döwrebap derejede, täze üstünlikler bilen dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.
Bu taryhy döwürde ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli maksatnamada ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmegiň strategik ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, obalaryň we şäherçeleriň ýaşaýjylarynyň durmuş şertlerini kämilleşdirmek, raýatlaryň maddy üpjünçiligini berkitmek we döwrebaplaşdyrmak ýaly wajyp meseleler Maksatnamada öz beýanyny tapdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäde halkara söwdanyň hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine özüniň goşýan goşandynyň gerimini barha giňeldýär. Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň möhüm geosyýasy çatrygynda amatly ýerleşýän eziz Diýarymyz dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary amala aşyrýar, ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň, ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna getirýär.
Şu ýylyň üç çärýeginiň jemleri boýunça gurluşykda 9,3 göterim, ulag-aragatnaşykda 6,8 göterim, söwdada 9 göterim, oba hojalygynda 5,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmekde durmuşa geçirilýän köpugurly ösüş strategiýasynyň ähmiýetiniň ýokarydygynyň aýdyň görkezijisidir. Şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynyň jemlerine görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişiniň 104 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň 109,5 göterim ýokarlanmagy ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşýandygynyň, hususan-da, täze iş orunlaryny döretmekde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly mümkinçilikleri özünde jemleýän telekeçilik işiniň ösdürilýändiginiň güwäsidir. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artmagy ýurdumyzda maýa goýum işjeňliginiň häzirki ýagdaýyny görkezýär. Bu gün Türkmenistan dünýä maýadarlary we eksport edijileri üçin özüne çekiji ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumy munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklady.
Aýgül ÝAGŞYMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.