Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
3-nji fewralda paýtagtymyzyň “Daşkent” seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.