Türkmenistanyň Mejlisi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmen zenanlarynyň halkara hyzmatdaşlygynda we milli gymmatlyklarymyzyň dünýä dabaralanmagyndaky orny” atly dabaraly maslahat geçirildi.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan etmegi hem-de döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi mynasybetli geçirilen bu maslahata ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň we ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen mekdepleriň işjeň agzalary; Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda bilim alýan talyp ýaşlar onlaýn arkaly diňleýji bolup gatnaşdylar.
Türkmen ýaşlarynyň Watana bolan ygrarlylygyny pugtalandyrýan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek ähli çärelerde ýaşlary işjeň çekmäge çagyryş bolan bu maslahat Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň mazmuny esasynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen öz işine başlady.
Maslahatda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygary, onuň şekili, mazmuny we wezipeleri barada giňişleýin beýan edip, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri”, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly parasatly kitaplarynyň mazmunynda Öguz han atamyzdan bäri dowam edip gelýän türkmeniň parahatçylyk ýörelgeleri, Magtymguly Pyragynyň kalbynda göteren, şygyrlarynda beýan eden parahatçylyk pelsepesi barada hem türkmen ýaşlaryna wagyz etdiler.
Onlaýn arkaly diňleýji bolup gatnaşan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda bilim alýan talyp ýaşlar bu maslahatda wagyz edilen ündewleriň, beýan edilen maglumatlaryň ýüreginde göterýän Watan mukaddesliginiň gymmatyny has-da ýokarlandyrandygyny, Bitaraplygymyzy gözleriniň göreji deýin gorap, Watanymyza gerekli ogul-gyzlar bolup ýetişjekdiklerine ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza adamzadyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny we hoşallyklaryny aýtdylar.
Giň mazmuna beslenen maslahat Gahryman we alym Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp şygrynyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymy bilen jemlenip, oňa gatnaşyjylaryň hakydasynda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.