Mälim bolşy ýaly, ylym, bilim ähli ösüşleriň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçin hem kämil hünärmenleri kemala getirmek, bilimli ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işler her bir bilim işgärini, halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde orta we ýörite orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap mümkinçilikler döredilendir. Şundan ugur alnyp okatmagyň iň döwrebap usullary işjeň ösdürilýär, bilim bermegiň döwrebap usullary durmuşa geçirilýär. Şeýle-de, bu ugurlarda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk giňden ýola goýulýar.
Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Aşgabatda boldy. Wekiliýetiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda gol çekilen «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» esasynda bilelikde durmuşa geçiriljek çärelere garadylar. Iki ýurduň ýokary hünär bilimi edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, geljekki hereketleri meýilleşdirmek hem-de 2025-2026-njy ýyllar üçin Ýol kartasyny düzmek teklip edildi. Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Özwar tarapyndan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri bilen bagly birnäçe teklipler türkmen tarapyna hödürlenildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny we bilelikdäki bilim maksatnamalaryny açmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany taýýarlamak; türkmen ýaşlarynyň bilim almagy üçin Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýerleriniň bölünip berilmegi; Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň sanly bilim hem-de «emeli intellekt» tehnologiýalary boýunça gazanan üstünliklerini öwrenmek we tejribe alyşmak; Türkiýe Respublikasynyň bilim edaralary bilen iki ýurduň edebiýatyna, taryhyna, medeniýetine, Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna dahylly bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmak ýaly teklipleri görkezmek bolar. Umuman taraplar ýokary hünär bilimi boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi maksat edinýändiklerini, bu babatda iki tarap üçin hem özara bähbitli ugurlar boýunça pikir alyşmalary geçirmäge doly taýýardyklaryny bellediler.
Miwe ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.