Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar.
Ýurdumyz şeýle hem Arkalaşygyň halkara abraýyny, onuň häzirki zamanyň ählumumy we sebit meselelerine oňyn täsirini ýokarlandyrmak ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan şu sebit görnüşindäki däp bolan gatnaşyklara ygrarly bolmak bilen, GDA agza döwletleriň ählisi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Ata Watanymyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA döwletleri bilen däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ysnyşykly taryhy-medeni hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin pugta esas bolup hyzmat edýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda GDA-nyň möhüm duşuşyklaryň, forumlaryň we dürli çäreleriniň geçirilendigini bellemek gerek. Ýurdumyz netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, hyzmatdaşlygyň täze, wajyp usullaryny işläp taýýarlamaga, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk teklipleri yzygiderli öňe sürýär.
Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany aýdyň mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu taglymatlaýyn resminamanyň Arkalaşygyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň netijeleri boýunça biragyzdan makullanylandygyny hem-de kabul edilendigini ýatlatmalydyrys. Şol sammitiň geçirilen ýylynda ýurdumyz GDA-da başlyklyk etdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasy hut ýokarda agzalan Jarnamanyň esasy ýörelgelerine esaslanýar.
2012-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistan GDA başlyklyk etmek bilen, GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 15-16-njy maýda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy we 31-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda köpugurly syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu ugurda 2012-nji ýylda ýurdumyzyň Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň hem möhüm ähmiýeti bardyr.
Ýangyç-energetika, nebit-mineral önümleri, suwuklandyrylan gaz, polietilen we ondan taýýarlanan önümler, pagta süýümi, mata we ýüplükler, taýýar dokma önümleri, ýüň, mal ýaglary, oba hojalyk önümleri we onuň gaýtadan işlenen birnäçe görnüşi Türkmenistanyň GDA ýurtlaryna eksport edýän esasy önümleriniň hatarynda durýar. Öz nobatynda tehnologiýa enjamlary, elektrik maşynlary we enjamlary, ulag serişdeleri we olaryň ätiýaçlyk şaýlary, demir önümleri, agaç we agaç önümleri, dürli görnüşli gurluşyk önümleri, mebel, kauçuk, rezin we ondan taýýarlanan önümler, farmasewtika harytlary, dökünler we himiýa senagatynyň beýleki önümleri, däneli ekinleri we olardan alynýan önümler, giň görnüşli azyk önümleri GDA ýurtlaryndan Türkmenistana getirilýär.
Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy