14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, amatly maýa goýum ýagdaýy we işewürlik üçin ähli şertler döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi we olaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejede yzygiderli guralýan saparlar gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi we saparyň dowamynda PETRONAS kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde PETRONAS kompaniýasynyň orny aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşler ýangyç-energetika pudagyny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Döwlet Baştutanymyz kompaniýanyň 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandygyny, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýandygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy köpýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi hem-de bu düzümiň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, PETRONAS kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufige iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
***
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler arkaly has-da berkidilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň ADNOC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem soňky ýyllarda Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.