Ýurdumyzda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki gatnaşyklaryň, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň çäklerinde oňyn gatnaşyklar ýola goýuldy.
ÝB bilen nebit-gaz, elektroenergetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugurlarynda, şeýle hem ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy hem barha pugtalandyrylýar.
27-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we syýasy howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili, Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde ýakyn günlerde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitine taýýarlyk meseleleri we onuň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. Ýakyn wagtda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» ilkinji taryhy sammiti özara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açar.
Merdan AGALYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.